Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

«Hormatly Prezidentimiziň kanunçylyk özgertmeleri döwlet berkararlygynyň, halkyň agzybirliginiň, adam hukuklarynyň kepilidir» atly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maslahat köşgüniň kiçi mejlisler jaýynda «Hormatly Prezidentimiziň kanunçylyk özgertmeleri döwlet berkararlygynyň, halkyň agzybirliginiň, adam hukuklarynyň kepilidir» atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlarygatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan uly üstünlikler, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýi, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde öňde goýan wezipeleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada durmuşa geçirýän işleri barada buýsançly çykyşlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilen özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň konstitusion hukuk binýady, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde geçen ýyl iki palataly parlament ulgamy döredildi. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler bilen garşylaýan ýurdumyzyň we türkmen halkynyň durmuşyndaky taryhy waka öwrüldi. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegini, jemgyýetiň ähli ugurlarynda demokratiýanyň, halk häkimiýetliliginiň ösdürilmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu konstitusion özgertmeler berkarar türkmen döwletiniň ählitaraplaýyn ösüşler ýolundaky öňe tarap ynamly gadamy bolup durýar. Halkyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň döwleti dolandyrmak işine işjeň gatnaşmaklarynyň kepillendirilmegi ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirilmegine hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler kemala getirildi we onuň jemgyýetçilik-syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary döredildi.

Kanunçykaryjy edaranyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, milletiň saglygyny we daşky gurşawy goramaga, ylmy goldamaga hem­de bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda tertip­düzgüni, durnuklylygy we howpsuzlygy kepillendirmäge gönükdirilen kanunçylygy kämilleşdirmäge saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň kanunçykaryjy edaranyň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi kanunçykaryjylyk işini täze derejä çykarmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň kanunçykaryjylyk bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipeleri, berýän gymmatly maslahatlary ýurdumyzy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kärhanalaryny we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşykly dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmäge ýardam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, döwletimiziň durmuş-ykdysady, syýasy ösüşiniň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýän kanunlary taýýarlamakda hem-de kabul etmekde, Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ynsanperwer, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlardaky beýik ösüşlerini wagyz etmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, ak ýürekden zähmet zähmet çekjekdiklerine Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!