Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNA 30 ÝYL: TÄZE TARYHY EÝÝAM WE KANUNÇYKARYJYLYK IŞINIŇ HÄZIRKI ZAMAN TEJRIBESI» atly ylmy-amaly maslahat

Ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli çäreler ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär, döwletimiziň alyp barýan içeri we  daşary syýasaty giňden wagyz edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän giň gerimli çäreler Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy döwürde ynsanperwer pikirleri, öňdengörüjilikli maksatnamalary bilen ruhlanan ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda täze eýýamyň gazananlaryna we ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň nurana geljegine bolan buýsanç duýgularyny oýarýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesi we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wagyz etmek, tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň 2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Täze taryhy eýýam we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi» atly ylmy-amaly maslahaty hem milli senenamamyzdaky bu ählihalk dabaralaryna bagyşlandy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş hem-de ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.

Maslahatyň

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy we ösüşiň milli tejribesi»;

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde milli hukuk ulgamynyň orny»;

«Türkmenistan we halkara bileleşigi: «Dialog – parahatçylygyň kepili» pelsepesiniň halkara-hukuk esaslary we mümkinçilikleri» atly bölümleri ‒ Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.

Bölümlerde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň Esasy Kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasy, dünýä bileleşigi üçin uly gyzyklanma döredýän Türkmenistanyň döwlet gurluşynda toplan ägirt uly oňyn tejribesi, ýurdumyzda amala aşyrylan Konstitusion özgertmeleriň orny, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gecirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň ähmiýeti, hukuk ulgamynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we halkara tejribesine, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyna, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna, şeýle hem kanunçylygy kämilleşdirmekde we döwrebaplaşdyrmakda alnyp barylýan işlere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli we anyk maksada gönükdirilip amala aşyrylýandygyny, özboluşly milli döwlet gurluşynyň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň türkmen nusgasy, milli däpler, dessurlar we umumadamzat gymmatlyklaryndan, aýratyn hem adam we raýat hukuklaryny we azatlyklaryny erkin amala aşyrmak, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýen hemmeler tarapyndan ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgesiniň beýan edilendigini bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçirilmeginiň milli Parlamentiň türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwrülmeginde, ýurdumyzda parlamentarizmiň döwrüň talabyna laýyk ösdürilmeginde esas goýujy ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam etmeginde geçirilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Täze taryhy eýýam we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi» atly ylmy-amaly maslahaty bu baýramçylygyň ägirt uly ähmiýete eýedigini, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşiň geçen döwründe gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini özünde jemleýän Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň halkymyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bolandygyny, olarda türkmen döwletiniň öçmez-ýitmez ýörelgeleriniň - Garaşsyzlygyň we hemişelik Bitaraplygyň, parahatçylygyň we agzybirligiň, demokratiýanyň we kanunlaryň ileri tutulmagynyň beýan edilendigini görkezýär.

Maslahatyň ahyrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Täze taryhy eýýam we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi» atly ylmy-amaly  maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.