Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

“Hormatly Prezidentimiziň galla syýasaty – halkymyzyň rysgal – bereketi” atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň,Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň galla syýasaty – halkymyzyň rysgal –  bereketi” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary,ýaşlar gatnaşdylar.

Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçilikleri esasynda gallaçylyk pudagynda edermen gallaçylarymyzyň, ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragyndan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalary üstünlikli berjaý edip, şeýle belent sepgide ýetilmegi bilen bagly buýsançly çykyşlar diňlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen bimöçber işleri, daýhanlara ýakyndan edýän kömek-goldawlarynyň netijesinde edermen türkmen gallaçylarynyň ekinlere ýadawsyz ideg edip, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de olaryň bu günki uludan tutýan toýy Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy babatdaky alyp barýan syýasatynyň dabaralanmasy bolup, onuň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda babadaýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Oba zähmetkeşleriniň çekýän asylly zähmetiniň netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýerden bol hasyl almakda daýhanlarymyz ýokary netijeleri gazanýanlar.

Türkmeniň sahawatly topragyndan güýç alyp, tenekar mele suwundan ganyp, daýhan ussatlygy bilen ata Watanymyzda  guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygy has-da berkidilýär.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen kabul edilýän Türkmenistanyň kanunlary ýurdumyzyň oba hojalygynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, onuň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmegiň hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň binýady hökmünde bu pudagyň ileri tutulýandygyny kanunçylyk taýdan berkidýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanuny, Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Daýhan birleşikleri hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda»,  «Azyk howpsuzlygy hakynda» (rejelenen görnüşi), «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda»,  «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet  tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ylmyň gazananlary, daýhançylygyň baý tejribeleri esasynda agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý edip, türkmeniň ak bugdaýyny öndürmekde, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge mynasyp goşant goşup, ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de oba hojalyk önümleriniň sergisi gurnaldy.