Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

ABADAN DURMUŞYŇ ESASLARY

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem­de Mejlisiniň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat «Halkyň bagtyýarlygy — ata Watanymyzyň abadançylygy» diýlip atlandyryldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bilim ulgamynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden häzirki döwür aralygynda döwletimiziň ykdysadyýetinde gazanylan oňyn netijelere aýratyn orun berildi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içeri we daşary syýasatymyz has-da dabaralanýar. 4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde ýanwar — maý aýlarynda gazanylan netijeler we geljek döwür üçin kesgitlenen möhüm wezipeler, hormatly Prezidentimiziň hususy işewürleri maliýe taýdan goldamak maksady bilen 150 million amerikan dollary telekeçilere, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin 150 million amerikan dollary Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bölüp bermek boýunça degişli tabşyryklarynyň ykdysady ähmiýeti, aýratyn-da, guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary iým bilen üpjün etmek üçin iýmlik mekgejöweniň, soýanyň, iýmlik bugdaýyň mukdaryny köpeltmek boýunça guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy dogrusynda maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwerlige ýugrulan sahawatly syýasat alnyp barylýar, asylly däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp eserlerindäki milli ýörelgelerimiz durmuşda öz oňyn beýanyna eýe bolýar. Munuň şeýledigini Arkadagly Serdarymyzyň golaýda Döwletliler köşgünde bolup, ol ýerde terbiýelenýän çagalar bilen duşuşmagy, olary baýramçylyk sowgatlary bilen begendirmegi, soňra Saud Arabystany Patyşalygynda umra hajyny berjaý edip gelmegi hem aýdyň görkezýär. Maslahatda çykyş edenleriň arasynda hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde umra hajyny berjaý etmek bagtyna eýe bolanlaryň hem käbiri bar. Olaryň buýsançly çykyşlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işlere hoşallyk bolup ýaňlandy.

Halkymyzda haj ybadaty sahawatly işler, köňül päkligi bilen baglanyşdyrylýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, yslam dininiň iň gowy ýörelgeleri halkymyzyň has aňyrlardan gelýän ýörelgeleri bilen täsin bir sazlaşyklylykda goşulyp-garylyp, birleşip, bitewi milli ýol-ýörelgämizi düzýär. Bular hut şu ýagdaýda halk döredijilik eserlerimiziň, nusgawy söz ussatlarymyzyň döredijiliginiň eriş-argajy bolup, şol eriş-argaçlaryň arasyna lowurdap siňen çitimler bolup, milletimize jan-ten bolan, milletlik mertebe bolan gaýtalanmajak ruhy dünýäni emele getirýär. Olar biri-birine bal bilen ýag ýaly garylyp-gatylypdyrlar.

Şoňa görä-de, Arkadagly Serdarymyzyň Mekge-Medinä zyýaraty milli ýörelgelerimiziň dowamatlylygyny, halkymyzyň köňül sahawatlylygyny hem alamatlandyrýar. Şeýle sahawatly işler, asylly däplerimiziň berjaý edilmegi Watanymyza, mähriban halkymyza belent söýgüden gözbaş alýar diýip, maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda nygtadylar hem-de döwlet Baştutanymyzyň haj zyýaratynyň kabul bolmagyny, janynyň sag, belent başynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

(Ýörite habarçymyz).