Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilýär

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty öz işine başlady.

Forumyň öň ýanynda myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan sergisi bilen tanyşdylar.

Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, giriş sözi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Dialogyň şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegi garaşylýar.