Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beskostyý Wýaçeslaw Wasiliýewiç kabul edildi

Myhman Türkmenistanyň Mejlisinde degişli tertibe laýyklykda hormat bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy ilki bilen myhmany täze başlan işi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň başynda myhman özüni myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we 2019-njy ýylynyň 25-nji sentýabrynda Aşgabada gelip, işe başlandygyny hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna degişli dabaralara gatnaşmak miýesser edendigi uly buýsanç bilen nygtady. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystan döwletleri biri birine dogan, dost hem-de goňşydygyny aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde parlament hyzmatdaşlygyny has-da kämilleşdirmegiň maksadalaýyklygyny belledi.

       Mejlisiň Başlygy Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Milli Parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň gurluş düzümi, ygtyýarlyklary we mümkinçilikleri, parlamentiň halkara we parlamentara aragatnaşyklarynyň ýörelgeleri bilen halkara çärelerine, maslahatlara, konferensiýalara gatnaşygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem, myhmana Arkadag Prezidentimiziň döwrebap başlangyçlaryny, esasanam ulag, energetika we suw diplomatiýasyny, halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, sanly dolandyryşa we ykdysadyýete geçmek, daşky gurşawy goramak babatda meýilnamalaryny kanunçylyk taýdan öz wagtynda goldamakda  Türkmenistanyň  Mejlisinde alnyp barylýan alnyp barylýan işler, meýilleşdirilýän konstitusion özgertmeler hakynda gürrüň berildi.

       Öz gezeginde myhman Türkmenistanda­ iki­ pa­la­ta­ly ul­ga­ma ­geç­me­gi­ň we­ Türk­me­nis­ta­nyň Halk ­Mas­laha­ty­ny­ hem­de Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­ni ­we­kil­çi­lik­li kanun­çy­ka­ry­jy ­hä­ki­mi­ýe­tiň­ wezipe­le­ri­ni ­ama­la­ aşyrýan­ eda­ra­lar­ ulgamy­na­ goş­ma­gy­ň meýilleşdirilýändigi sebäpli tejribe alyşmak maksady bilen 2020-nji ýylyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň içki gurluş düzümi bilen tanyşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetini Gazagystan Respublikasyna çagyrdy.

Duşuşyk dostluk, doganlyk hem birek-birege düşünişmek ýagdaýynda geçdi we geljekde ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň has-da täze derejelere çykjakdygyna ynam bildirildi. Duşuşygyň soňunda myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna Gazagstan Respublikasy barada suratly kitap sowgat etdi. Myhmana Hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby sowgat berildi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde geljekde hem uly-uly üstünlikler, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.