Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili kabul edildi

Myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisinde degişli tertibe laýyklykda hormat bilen kabul edildi we Mejlisiň maslahatlar jaýy bilen gysgaça tanyşdyryldy.

Duşuşygyň başynda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili özüni myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen bir näçe gezek bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirendigini we ýene-de işleşmek üçin isleg bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Milli Parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň gurluş düzümi, ygtyýarlyklary we mümkinçilikleri, parlamentiň halkara we parlamentara aragatnaşyklarynyň ýörelgeleri bilen halkara çärelerine, maslahatlara, konferensiýalara gatnaşygy barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, myhmanlara Arkadag Prezidentimiziň döwrebap başlangyçlaryny, esasanam ulag, energetika we suw diplomatiýasyny, halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, sanly dolandyryşa we ykdysadyýete geçmek, daşky gurşawy goramak babatda meýilnamalaryny kanunçylyk taýdan öz wagtynda goldamakda  Türkmenistanyň  Mejlisinde alnyp barylýan alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berildi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna uly hormat goýýandygyny we şu ýyl Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezendigini barada Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy aýtdy. Türkmenistanyň Mejlisi hem Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2015–2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzüm birlikleri bilen öz hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Öz gezeginde myhman 2021-2023-nji ýyllar üçin BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen arasyndaky hyzmatdaşlygy we Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Parlamentiniň we ýerli wekilçilikli häkimiýetiniň güýjüniň kämilleşmegi” atly taslamany teklip etdi.

Duşuşyk dostluk hem birek-birege düşünişmek ýagdaýynda geçdi we geljekde ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň has-da täze derejelere çykjakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde geljekde hem uly-uly üstünlikler, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.