Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

DABARALY MASLAHAT

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Arkadagly döwürde bagtyýar zenanlar» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat ýatdan çykmajak täsirlere beslendi.

Dabaraly maslahat bilen ugurdaş sergi guraldy. Sergide ýurdumyzda gelin­gyzlar tarapyndan edilen işleriň beýany, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň, el işleriň özboluşly ajaýyplygy şöhlelendirildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belentde tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleridir» diýip belleýär. Ýurdumyzda hereket edýän gender deňligi, mähriban enelerimize, gelin­gyzlarymyza döwlet derejesinde hormat goýulmagy, olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, olara berilýän ýeňillikler muňa şaýatlyk edýär. Şeýle bagtdan kalplary püre­pür zenanlarymyz, gyz­gelinlerimiz Gahryman Arkadagly döwürde bagtyýarlygyň hözirini görüp zähmet çekýärler.

Maslahatyň dowamynda edilen giň mazmunly çykyşlar, belentden ýaňlanan aýdymlar dabaranyň has­da ähmiýetini artdyrdy. Dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak, zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 Ýörite habarçymyz, “Watan”