Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!

Edermen daýhanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr. Ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Siziň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmetiňiz bilen, sahawatly türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Berkarar döwletimiziň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän häzirki ajaýyp zamanamyzda siziň halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir. Häzirki wagtda döwletimizde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler esasynda ata Watanymyzda däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hususy önüm öndürijiler üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredilýär. Oba hojalygyndaky bu özgertmeler ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, pudaga ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga, hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge oňyn şertleri döredýär. Türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilik berýär.

Biz oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan üpjün edilmegi, önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bu işlere aýdyň şaýatlyk edýär. Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlikde zähmet çekýärler. Sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin geljekde-de ähli mümkinçilikler dörediler.

Edermen hasyl ussatlary!

Eziz watandaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Çeşmesi