Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

GARAŞSYZLYK—ÝÜREKLERIŇ JOŞGUNY

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen dabaraly maslahat «Ýürekleriň töründe orun tutanym, Garaşsyz, Bitarap ata Watanym» diýlip atlandyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde guradylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň halkara meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň esasy hünärmeni Laçyn Atagarryýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy Läle Aşyrowa dagy çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik ösüşler, il-ýurt bähbitli gurulýan binalar barada buýsançly söhbet etdiler. Gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ýene bir özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda amala aşyrylýan we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, berkarar döwletimiziň yzygiderli ösmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeler ählihalk goldawyna eýe bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miwesine öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen ykdysady-durmuş maksatly döwrebap binalar halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine bina edildi.

Mähriban Watanymyza söýgä, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerine bolan buýsanja beslenen maslahatda çykyş edenler Diýarymyzy gülläp ösüşleriň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize öz çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabaraly maslahatda joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.