Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing kabul edildi

Myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisinde degişli tertibe laýyklykda hormat bilen kabul edildi we Mejlisiň maslahatlar jaýy bilen gysgaça tanyşdyryldy.

Duşuşygyň başynda jenap ilçi özüni myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem myhman Türkmenistanda nemes diline uly ähmiýet berilýändigini, medeni-gumanitar ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklar babatynda köp işler alnyp barylýandygyny, ýagny Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bir näçe şäherlerinde “Margiana” atly sergisiniň geçirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy hormatly ilçini täze başlan işi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi.

       Mejlisiň Başlygy Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Milli Parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň gurluş düzümi, ygtyýarlyklary we mümkinçilikleri, parlamentiň halkara we parlamentara aragatnaşyklarynyň ýörelgeleri bilen halkara çärelerine, maslahatlara, konferensiýalara gatnaşygy barada gürrüň berdi.

         Şeýle hem, myhmanlara Arkadag Prezidentimiziň döwrebap başlangyçlaryny, esasanam ulag, energetika we suw diplomatiýasyny, halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, sanly dolandyryşa we ykdysadyýete geçmek, daşky gurşawy goramak babatda meýilnamalaryny kanunçylyk taýdan öz wagtynda goldamakda  Türkmenistanyň  Mejlisinde alnyp barylýan alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berildi.

Öz gezeginde myhman Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Parlamentiniň işi bilen gysgaça tanyşdyrdy. Nemes parlamentinde jemi 6 sany syýasy partiýa hereket edýändigini, jemi 700-e golaý deputat bardygyny we olaryň 30 göterimi zenandygyny belledi. Şeýle hem, Türkmenistanda iki­ palata­ly ul­ga­ma geçme­gi­ň we­ Türk­me­nis­ta­nyň Halk ­Mas­laha­ty­ny­ hem-­de Türkmenistanyň Mej­li­si­ni wekil­çi­lik­li kanun­çy­ka­ry­jy ­hä­ki­mi­ýe­tiň­ wezipelerini ­ama­la­ aşyrýan­ eda­ra­lar­ ulgamy­na­ goş­ma­gy­ň meýilleşdirilýändigi sebäpli tejribe alyşmak maksady bilen iki döwletiň parlamentleriniň komitetleriniň özara işleşmegini hormatly ilçi teklip etdi.

Duşuşyk dostluk hem birek-birege düşünişmek ýagdaýynda geçdi we geljekde ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň has-da täze derejelere çykjakdygyna ynam bildirildi. Hormatly ilçä Hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby sowgat berildi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde geljekde hem uly-uly üstünlikler, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.