Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygynyň Orunbasary J. K. Isaýewanyň ýolbaşçylygyndaky gyrgyz wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygynyň Orunbasary J. K. Isaýewanyň ýolbaşçylygyndaky gyrgyz wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň duşuşygy boldy.

 Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sebitde ilkinji gezek geçirilýän parlamentara forumyň we zenanlaryň Dialogynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan waka öwrülendigini belläp geçdiler.

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygynyň Orunbasary J. K. Isaýewa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde we Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşinde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekdäki ornuna  ýokary baha berýändigini we  bu dostluk toparlarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini mälim etdi. 

Duşuşyk birek-birege düşünişmek hem dostluk ýagdaýynda geçdi.