Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Däp bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu forum mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan meşhur ganatly bedewlerini wagyz etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakadyr. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr.

Kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň maslahatlar zalyna barýar, şol ýerde milli Liderimizi ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri forumyň öz işine başlamagy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan uly güýçdür diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk düşünjesi parahatçylyk hem-de ynanyşmak düşünjeleri bilen gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy kökler arkaly baglanyşýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Biz döwletimiziň parahatçylyk söýüji däplerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň hem-de umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlarynyň äleme ýaýylmagy üçin uly tagallalary edýäris. Eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagy, mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagy ugrunda çalyşýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, biz şu ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdik.

Şu mejlisiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle hem şu ýyl milli baýlygymyz bolan atlarymyzyň we alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenip geçilýär.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara serediljekdigini hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekiljekdigini belledi.

Şeýle hem assosiasiýanyň ýurdumyzda we beýleki döwletlerde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan agzalarynyň çykyşlary diňleniler.

Mundan başga-da, atçylyk assosiasiýasynyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşylar, guramaçylyk meselelerine serediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on bir ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar. Geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany artdy.

Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr, türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr.

Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, eziz Diýarymyzda halkara derejede ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary döredildi. Bu ugurda tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki degişli hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirildi we geçirilýär.

Pudagy ylmy esasda ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ylmy edaralary döretmek, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça hem döwletimiz tarapyndan köp möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär.

Her ýylyň aprel aýynda döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek gözel paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda indi däbe öwrüldi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar hem-de at çapyşyklary, atly sport ýaryşlary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär. Şeýle hem behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu bolsa ady äleme dolan behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Ahal we Mary welaýatlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hemmeleri işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Geljekde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewlerine degişli bolmagy üçin assosiasiýanyň aýratyn iş alyp barmagynyň zerurdygy barada «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserimde belläp geçipdim diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen I maslahatynda şeýle guramany döretmek bilen, behişdi ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, dünýäde iň naýbaşy bu atlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek üçin berk binýadyň düýbüni tutýandygymyzy belläp geçipdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Örän duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük, ynsanyň ýakyn syrdaşy bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge ata-babalarymyz aýratyn üns beripdirler. Pederlerimiziň bu ugurda çeken ýadawsyz zähmeti netijesinde döredilen gadymy türkmen seýisçilik sungaty häzirki döwrüň öňdebaryjy usullary bilen utgaşdyrylyp, atşynaslarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şonuň bilen birlikde, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň konkur, marafon ýaly görnüşlerini halkara derejede ösdürmek boýunça hem ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza we atly sporta bolan höwesini artdyrmaga, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegine uly itergi berýär.

Ýurdumyzda at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplara laýyklykda guramak hem-de geçirmek üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Aşgabat, Lebap we Mary atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalaryna politrek örtügi düşeldi.

Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda hem baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Şu maksat bilen, Mary atçylyk sport toplumynyň durky döwrebaplaşdyrylyp, döwlet derejesinde baýramçylyk çärelerini geçirmäge taýýar edildi.

Mundan başga-da, atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny we atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, onuň konkur görnüşini we at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap açyk we ýapyk manežler gurlup ulanylmaga berildi.

Şeýle hem atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Atçylyk we atly sport hakynda» Kanun kabul edildi. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmek boýunça bu Kanun häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirilýär.

Atçylygyň gadymy mekany bolan güneşli Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak häzirki döwürde biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Şoňa görä-de, bu pudagy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň täze gurulýan dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi hem-de Ylmy-önümçilik merkezi gurulýar. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem biz türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berýäris. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, milli seýisçilik sungatyny ösdürip, bedewleriň syna gözelligini kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş nesillere seýisçilik sungatynyň inçe tälimlerini öwretmek we halypalyk işine aýratyn saldamly goşant goşýan atşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly at hem döredildi. Biz geljekde hem öz ykbalyny atçylyk bilen baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bermek işlerini dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, gözelligi haýrana goýýan, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis. Bu däpleri ýaş nesillerimize ýetirmegi hem-de olaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda alyp barýan işlerimizi has-da giňelderis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşyny mejlise gatnaşyjylar uly üns bilen diňlediler hem-de ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barandygy üçin hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy atşynaslaryny, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan ABŞ-dan ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Tito Pontekorwo söz berdi.

Ol foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy guramanyň agzalarynyň adyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Jenap Tito Pontekorwo milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke atçylygyny ösdürmekde gymmatly tejribeleri toplandygyny belledi. Häzirki wagtda türkmen atşynaslary milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek, ahalteke atçylygyny halkara derejede ösdürmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar.

— Siz behişdi ahalteke bedewlerine söýgi bilen garap, olara özüňiziň gyzyldan gymmatly wagtyňyzy bagyşlaýarsyňyz hem-de edebi döredijiligiňizde ahalteke bedewlerini ýokary çeperçilik bilen wasp edýärsiňiz. Biz hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ahalteke atçylygyny ösdürmek, olaryň baş sanyny köpeltmek hem-de ahalteke bedewleriniň arasynda halkara derejede bäsleşikleri geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýarys — diýip, jenap Tito Pontekorwo aýtdy.

Tito Pontekorwo ençeme kärdeşleri bilen bir hatarda, özüne hem “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagynyň ýatdan çykmajak waka bolandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem ahalteke atçylygyny halkara derejede yzygiderli ösdürmek we behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda ähli tejribelerini ulanmak arkaly netijeli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mariýa Mosara söz berildi.

Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýandygyny hem-de ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň çäksiz aladalary netijesinde, Türkmenistanda atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini halkara derejede ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Hanym Mariýa Mosaryň belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasynda «Gurtbil» ahalteke atçylyk hojalygy ahalteke atçylygyny ösdürmek, olary köpeltmek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda bu ýerde 40-a golaý ahalteke aty ösdürilip ýetişdirilýär.

«Gurtbil» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagynyň özüniň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka bolandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle ýokary derejeli döwlet sylagyny berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, hanym Mariýa Mosar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şeýle hem türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, 19 — 25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Baýramçylyk maksatnamasy “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII halkara ylmy maslahaty, dürli baýramçylyk at çapyşyklaryny öz içine alýar. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň hatarynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” we “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlary, ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy bar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy bolar, milli mirasy wagyz etmäge ýardam edýän beýleki çäreler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakmak barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyny yglan edýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň çapyksuwarlyk, seýisçilik sungatyny belende galdyrmakda hem-de ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny gowulandyrmakda, syna owadanlygyny kämilleşdirmekde we baş sanyny artdyrmakda, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ykrar edilendir. Şonuň netijesinde, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirilişleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatyny oňat bilýän milli Liderimiz türkmen halkynyň ady rowaýata öwrülen bedewlerine ideg etmegiň, olary seýislemegiň inçe tilsimlerini, usullaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini öz toplan tejribesi bilen baýlaşdyrýar.

Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň towakganamasy we giň halk köpçüliginiň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, milli Liderimize Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy.

Soňra foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýokary sylag gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, öz işine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, ýokarda beýan edilen işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek we kämilleşdirmek, bu işlere ýaşlarymyzy işjeň çekmek maksady bilen, şeýle hem döwlet işleriniň köpdügini nazarda tutup, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine başga bir mynasyp ýolbaşçyny saýlamak barada karara gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiz bu babatda öz pikirlerini aýtmagy ýygnananlara teklip edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewe söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ähli atşynaslaryň adyndan «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çykyş eden Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklibi hödürläp, ony köpýyllyk tejribesi, ýokary guramaçylyk ukyby bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Derýamyrat Saparow çykyş etdi. Ol pudagyň işgärleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyza türkmeniň atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmäge, olary tutuş dünýäde wagyz etmäge berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

D.Saparow hormatly Prezidentimize Serdar Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellemek baradaky teklibi goldamak hakyndaky haýyş bilen ýüzlenip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglygyny, uzak ömür we ägirt uly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Suhandurdy Kuljanow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda hem ýokary netijeleriň gazanylýandygyny aýtdy.

Foruma gatnaşyjy Serdar Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlamak baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, S.Kuljanow döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady we milli Liderimize berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdi.

Göni ses bermek arkaly, şol sanda sanly ulgam boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtly agzalary şu assosiasiýanyň Prezidentligine Serdar Berdimuhamedowy biragyzdan saýladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Berdimuhamedowy assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirdi hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky garaýyşlaryny, onuň maksatlary we meýilnamalary barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny ulanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli atşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň birinji bölümini jemläp, oňa gatnaşyjylary Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Soňra mejlisiň işi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze saýlanan Prezidenti S.Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde dowam etdi.

Assosiasiýanyň ýolbaşçysy ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça işleriň giňden alnyp barylýandygyny nygtady.

Biziň günlerimizde hem ahalteke atlaryna dünýä atşynaslygynyň ösmeginde-de aýratyn orun degişlidir. 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda uly işleri alyp bardy. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýan türkmen bedewleriniň muşdaklary bu halkara assosiasiýanyň agzalary bolup durýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar, şol sanda seçgiçilik işlerine aýratyn orun berilýär. Bu işler milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ylmy esasda alnyp barylýar.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, ençeme toplumlaryň, şol sanda atçylyk-sport toplumlarynyň gurlandygy bellenildi. Şol desgalaryň binýadynda ahalteke atlarynyň dürli ugurlar boýunça bäsleşiklerini geçirmek üçin hem ähli amatly şertler döredildi. Şonuň ýaly-da, şeýle binalary gurmak işleri dowam edýär.

S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işiniň atşynaslygyň we atly sportuň iri halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk tejribesiniň täze pikirler we başlangyçlar görnüşinde goşmaça itergä mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, foruma gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe guramaçylyk meseleleri hödürlenildi.

Assosiasiýanyň wise-prezidenti wezipesine Annageldi Ýazmyradow tassyklanyldy. Ol Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary hem bolup durýar.

Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze dolandyryş müdiriýetiniň hem-de derňew toparynyň agzalary saýlanyldy.

Soňra mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýl Keýt sanly ulgam arkaly çykyş edip, S.Berdimuhamedowy Assosiasiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şeýle abraýly foruma gatnaşyp, çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Hanym Jessika Elizabet Eýl Keýt ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak üçin diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly işleriň geçirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu babatda ägirt uly tagallalary edýändigi üçin köp sag bolsun aýtdy hem-de bu ugurda amala aşyrylýan işlere geljekde hem saldamly goşant goşjakdygyna we tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Çeşmesi