Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşky aragatnaşyklar ministriniň orunbasary jenap Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet kabul edildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşky aragatnaşyklar ministriniň orunbasary jenap Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde degişli tertibe laýyklykda hormat bilen kabul edildi.

Duşuşygyň başynda wekiliýetiň ýolbaşçysy özüni myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Ol Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hem ösdürilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisine gelmezden öň, wekiliýetiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hytaýyň Kommunistik partiýasy hakynda tanyşdyryş çäresi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirilendigi barada aýtdy.

Wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyrýan saparyň esasy maksady bolsa iki ýurdyň partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdygyny Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşky aragatnaşyklar ministriniň orunbasary belläp geçdi. “Bir guşak – bir ýol”, söz jümlesini aýdyp, myhman Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Beýik ýüpek ýoly täzelemekde alyp barýan işleriniň birdigini we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatyna uly baha berýändigini belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary K.Babaýew Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi barada hem-de 2019-njy ýylda bolan Halka Maslahatynyň netijeleri boýunça iki palatalyk ulgama geçmekligi barada gysgaça aýtdy. Mejlisiň Başlygynyň Orunbasary Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Milli Parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň gurluş düzümi, ygtyýarlyklary we mümkinçilikleri, parlamentiň halkara we parlamentara aragatnaşyklarynyň ýörelgeleri bilen halkara çärelerine, maslahatlara, konferensiýalara gatnaşygy barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, myhmanlara Arkadag Prezidentimiziň döwrebap başlangyçlaryny, esasanam ulag, energetika we suw diplomatiýasyny, halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, sanly dolandyryşa we ykdysadyýete geçmek, daşky gurşawy goramak babatda meýilnamalaryny kanunçylyk taýdan öz wagtynda goldamakda  Türkmenistanyň  Mejlisinde alnyp barylýan alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary ýetip gelýän halkara Bitaraplyk güni bilen wekiliýeti gutlady.

Maglumatlar we gutlaglar üçin, Türkmenistanyň Milli Parlamentinde gyzgyn garşylany  üçin Mejlisiň Başlygynyň Orunbasaryna minnetdarlygyny bildirip,  oňa işinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşyk dostluk hem birek-birege düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde geljekde hem uly-uly üstünlikler, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.