Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi kabul edildi

Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mubarak Abdurahman  Al-Nasr Türkmenistanyň Mejlisinde degişli tertibe laýyklykda hormat bilen kabul edildi.

Duşuşygyň başynda Myhman özüni myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Ol Katar Döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem netijeli we maksadalaýyk dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdy.

Myhman wezipä belleneni bäri şu günki duşuşyk Türkmenistandaky ýolbaşçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň üçünjidigini belläp geçdi.

Duşuşygy Ilçi Katar Döwletiniň Şura Mejlisiniň Başlygynyň ýollan salamy bilen dowam etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Katar Döwletiniň Şura Mejlisiniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we saparlary gurnamak zerurdygyny aýtdy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2019-njy ýylyň aprelindäki Katar döwletiniň Doha şäherine bolan iş sapary hyzmatdaşlygyň başyny tutandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmelidigini nygtady.

Soňra myhman Katar Döwletiniň Şura Mejlisi barada gysgaça gürrüň berdi. Şura Mejlisi 1982-nji ýylda esaslandyrylandygyny, esaslandyrylan wagtynda 20 agzadan ybarat bolandygyny,  agzalar emir tarapyndan saýlanýandygyny hem-de onuň gurluş düzüminiň üç gezek üýtgedilendigini aýtdy:

  1. 1990-njy ýylda 20 agzadan 30 çenli köpeldildi;
  2. 2004-nji ýylda 30 agzadan 35 çenli köpeldildi;
  3. 2013-nji ýylda 35 agzadan 45 çenli köpeldildi, şolaryň 30-y halk tarapyndan, 15-i emir tarapyndan saýlanýar).

Bu günki duşuşygyň esasy maksady bolsa iki ýurdyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdygyny ilçi belläp geçdi hem-de näme teklipler we maslahatlar bar bolsa taýýardygyny aýtdy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi barada hem-de 2019-njy ýylda bolan Halka Maslahatynyň netijeleri boýunça iki palatalyk ulgama geçmekligi barada gysgaça aýtdy.

Katar Döwletiniň Şura Mejlisiniň Başlygynyň ýollan salamyna minnetdarlygyny bildirip, Katar döwletindäki kärdeşine öz salamyny ýollady. Ilçiň teklibini goldaýandygyny hem-de Ilçiniň alyp barýan işi Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek üçin köpri bolup durýandygyny G.Mämmedowa belledi. Şeýle hem, hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurdyň parlamentleriň arasynda dostluk toparlarynyň döredilmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Ilçi edilen düşündirişler üçin sagbolsuny aýdyp, Katar Döwletiniň Şura Mejlisine iş saparyna gurnamak maksady bilen, türkmen wekilýetine amatly boljak seneleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen aýtmagyny haýyş etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýetip gelýän halkara Bitaraplyk güni bilen Ilçini gutlady we indiki ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygy mynasybetli Şura Mejlisiniň Başlygyny baýramçylyk dabaralaryna çagyrjakdygyny aýtdy.

Gutlaglar üçin Mejlisiň Başlygyna minnetdarlygyny bildirip, ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlap, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde türkmen halkyna mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi.

Duşuşyk dostluk hem birek-birege düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde geljekde hem uly-uly üstünlikler, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.