Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

MASLAHAT GEÇIRILDI

10-njy noýabr güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdyrlar.

Bu çäräniň maksady Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak babatda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňişleýin açyp görkezmekden ybarat boldy.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap ýurdumyzyň sebitde we dünýäde adamzadyň asuda, abadan ýaşamagy üçin parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly syýasaty alyp barýanlygy barada nygtap geçdiler. Esasan hem Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, ekologiýa syýasaty babatdaky halkara başlangyçlarynyň her bir adamyň amatly daşky gurşawda, bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendigini bellediler.

Bu babatda golaýda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda (COP26) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşynda beýan edilen garaýyşlar barada giňden durup geçdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş edýändigi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, bug gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylýanlygy, “ýaşyl ykdysadyýeti” emele getirmekde bimöçber işleriň alnyp barylýanlygy barada çykyş edenler öz çykyşlarynda nygtap geçdiler.

Mundan başga-da Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda biologik dürlülik, çölleşmä garşy göreş, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak, hazar deňiziniň deňiz gurşawyny goramak, ozon gatlagyny goramak, howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly Konwensiýalara goşuluşmak bilen olardan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli amala aşyrýanlygy barada bellenildi. Bu işleri amala aşyrmak üçin kabul edilýän milli kanunlarymyzyň esasy hukuk binýady bolup çykyş edýänligi, hususan-da, Tokaý Kodeksiniň, “Tebigaty goramak hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” we “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň düzgünleri barada giňişleýin durup geçdiler.