Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça Ylalyşyklara gol çekildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki sany Ylalaşyklara gol çekildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustami Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.