Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGY

Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, daşary syýasat ulgamynyň we diplomatiýasynyň işini döwrebap kämilleşdirip, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda goňşy döwletler bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan BMG-niň edaralary, ÝHHG-ň Parlament Assambleýasy we Parlamentara Bileleşigi (IPU) bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar we olar bilen bilelikde birnäçe taslamalar, maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýakyn goňşy döwletler bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar.

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. 2020-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen bu Dialog - zenanlaryň jemgyýetdäki orny, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, zenanlaryň maliýe ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, parlamentara gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmak üçin global meseleleri  ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak, tejribe bilen paýlaşmak üçin amatly platforma bolup çykyş edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň açylyş dabarasynda ilki bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Eggeriň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Dialogyň plenar mejlisi “Merkezi Aziýada gender deňligini ösdürmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegi. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň tejribesi” atly temada dowam etdi. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň  ýagny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň, BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa Germanyň, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara meseleleri, goranmak we howpsuzlyk baradaky komitetiniň başlygy Aýgül Kuspanyň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasynyň Orunbasary Aida Kasymaliýewanyň, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgala işleri boýunça Komitetiniň başlygy Hilolbi Kurbonzodanyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň çykyşlary diňlenildi. Dialogyň soňunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenme kabul edildi.

Bulardan başga hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň hormatyna Türkmenbaşy şäheriniň  Ruhyýet köşgünde türkmeniň  gelinalyjy dabarasy, muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni ruhy mirasyny görkezýän döredijilik agşamy, dabaraly konserti geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň we gyzlaryň  jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny işjeňleşdirmek, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda ýüze çykýan meseleleriň oňyn çözülmegi ugrunda netijeli iş alyp barmak  boýunça öz teklipleri bilen çykyş etdiler. Dostluk, doganlyk, agzybirlik ýörelgelerine eýerip geçirilýän duşuşyklar geljekde hem ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, hoşniýetli dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder.