Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGY

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy.

Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.

 Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde sebitde zenanlary goldamak, syýasy, ykdysady we durmuş ornuny ýokarlandyrmak hem-de olaryň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek ýagdaýyna has uly täsir ýetirmäge mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, resmi däl sebit binýady hökmünde döredildi.

Mejlisiň çäklerinde dialogyň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de bu guramany ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we 2022-nji ýyldaky işleriniň meýilnamalaryna garaldy.

Bellenilişi ýaly, döredilmeginiň birinji ýylynyň dowamynda dialog Merkezi Aziýada zenanlar üçin ýokary derejeli baglanyşdyryjy syýasy binýat bolup hyzmat etdi.

Şu maksat bilen, durnukly ösüş, zenanlaryň syýasy işi, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde eýeleýän orny, olaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça birnäçe çäreler geçirildi, şolaryň barşynda jemleýji beýannamalar kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda , Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onuň dowamynda gender syýasaty, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zenanlaryň eýeleýän orny babatdaky meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy hem-de zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek üçin maslahatlary özünde jemleýän jarnama kabul edildi.

Biziň ýurdumyzyň gender deňligi babatynda gazanan üstünlikleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň erkekleriň we zenanlaryň döwleti dolandyrmak işlerine deň hukukly gatnaşmagy, olaryň iş şertlerini gowulandyrmak üçin hukuk gurallaryny hem-de kepillikleri berýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlar döwlet häkimiýetiniň ähli düzümlerinde, hususan-da, parlamentiň iki palatasynda hem giňden wekilçilik edýärler.

Ýurdumyzda 2020 — 2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwür üçin saýlanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler guruldy, enäniň we çaganyň hukuklarynyň üpjün edilmegini kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýady döredildi.

“Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hem-de goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň halkara guramalar tarapyndan nusgalyk hem-de sebitde ýaýradylmagyna mynasyp diýlip ykrar edilmegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr diýip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy aýtdy.

Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda bu gurama başlyklyk etmek wezipesi Türkmenistana berildi.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenmesi kabul edildi.