Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň forumynyň JARNAMASY

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň zenanlarynyň wekilleri bolan biz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we Ösüş Maksatnamasynyň gatnaşmagynda sebitiň taryhynda ilkinji döredilen — zenanlaryň resmi bolmadyk bileleşiginiň durnukly ösüşi ilerletmekde ähli zenanlaryň ornuny güýçlendirmegi we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegi maksat edinýän zenanlaryň dialogyny goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirýäris.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, biziň döwletlerimiziň Garaşsyzlygyň 30 ýyly içinde sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksatlary bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek işinde gazanan üstünliklerini nygtap;

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça (2018-nji ýylyň 15-nji marty, Nur-Sultan şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry, Daşkent şäheri) gazanylan üstünlikleriň möhüm ähmiýetini nygtap;

Merkezi Aziýa döwletleriniň howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ösüş babatda möhüm dünýä meselelerini çözmekde, olar tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmakda bilelikde işjeň gatnaşmaklarynyň möhümdigini belläp;

bütin dünýäde we Merkezi Aziýa sebitinde zenanlaryň edermençilikli zähmeti we täze pikirleri bilen, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy ýaly netijelere getirýän ählumumy howplara garşy göreşmek, şeýle hem wajyp durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň, saglygy goraýşyň, bilimiň derwaýys meselelerini çözmeklige uly hem-de örän möhüm goşant goşýandyklaryna üns berip;

şonuň bilen birlikde, pandemiýa şertlerinde zenanlaryň garşy durmak ukybynyň aýratyn gowşaklygyny göz öňünde tutup hem-de zenanlary syýasy çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň çekmegiň we olaryň döwletleriň durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmaklaryny goldamagyň, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigini göz öňünde tutup;

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap;

Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan soňky 30 ýylda gender deňligini gazanmakda we zenanlaryň syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuşa gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan syýasaty we gazanylan öňegidişligi mübärekläp;

«Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibine, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibine, Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň onýyllygyna, Pekin Jarnamasyna we hereketleriň Platformasyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda işlenip düzülen beýleki kadalaşdyryjy düzgünlere öz ygrarlydygymyzy tassyklaýarys;

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň döredijilikli we parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň netijeli ýollaryny işläp taýýarlamagyň we onuň bütin sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin ulanylmagyna ýardam etmegiň zenanlaryň dialogynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny beýan edýäris;

sebitde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde zenanlaryň ornuny güýçlendirmegi we bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys;

soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleriniň zenanlaryň telekeçilik işewürligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek, zähmetiň deň şertlerini döretmek boýunça durmuşa geçirýän çärelerini mübärekleýäris;

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň döredijilikli, işewür mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň netijeli ýollaryny işläp düzmek, zenanlaryň we gyzlaryň telekeçilik çygrynda mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tagallalaryny dowam etdirmek ugrunda çykyş edýäris;

Merkezi Aziýanyň zenan telekeçileriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tagallalary goldaýarys we Owganystanyň zenanlaryny sebitleýin söwda-ykdysady taslamalara çekmek boýunça tagallalary etmegi maksat edinýäris, munuň özi bu ýurtda parahatçylykly işleriň ilerlemegine ýardam berer;

sebitiň zenanlarynyň arasynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, aň-bilim, medeniýet, sungat we sport babatda, ýaşlary goldamakda we syýahatçylygy ösdürmekde hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegini mübärekleýäris;

zenanlarda pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmäge ýardam edýän usullary işläp düzmek boýunça yzygiderli tagallalary etmegi we sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi teklip edýäris;

Merkezi Aziýa döwletleriniň hemmetaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge taýýardyrys.

 

Türk­me­nis­tan. Türk­men­ba­şy şä­he­ri,

2021-nji ýy­lyň 6-njy aw­gus­ty.