Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy giň möçberli şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylýan ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze binagärlik çözgüdiniň aýdyň netijesi bolan şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň we durmuşymyzyň her bir pursadynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler. Hormatly Arkadagymyz häzirki zaman şähergurluşyk hem-de milli binagärlik ýörelgeleri özünde jemleýän şäheriň gurluşygynyň taryhy ähmiýetini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ekologik talaplara laýyk gelmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagyny tabşyrdy. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat desgalarynyň gurluşygy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, şol sanda, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Munuň özi azyk howpsuzlygyny, degişli ekologik ýagdaýy üpjün etmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün eder.

Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleriniň şekil taslamalary görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz binalaryň bezeg işlerine, olarda öndürijilikli işlemek we amatly ýagdaýy döretmek üçin ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň üpjün edilmegine döwrüň talabyna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi. Şunda şäheriň gözellik derejesine we ekologik abadançylygyna aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi taslamany taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň, binalaryň şekil taslamalaryny synlap, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna talabalaýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem ýol ýakalaryndaky binalaryň ýokarsyndaky ýazgylaryň, yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap derejede bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalaryna birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizip, binalaryň gurluşygynda, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň işleýiş ulgamynda hem-de önümçilik toplumlarynda häzirki zaman usullaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi, şeýle-de bu işlere täze çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna başlamaga ak pata berip, bu işde häzirki zamanyň ösen dünýä tejribesiniň ulanylmalydygyny belledi. Şunda ýaşlaryň, aýratyn-da, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde işleýän ýaş mugallymlaryň, talyplaryň täzeçil pikirleri işjeň peýdalanylmalydyr. Munuň özi milli şäher gurluşygynyň häzirki zaman meýillerine laýyk derejede ösdürilmegine ýardam berer.

Şeýle hem D.Orazow täzeçil tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýan “akylly” öý ulgamynyň aýratynlyklary beýan edilen ýörite şekilleri görkezdi. Hormatly Arkadagymyz häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryň zamanasydygyna ünsi çekip, ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda hem täzeçil tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyny, bu işlere toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda merkeziň ikinji tapgyry boýunça gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi, şeýle hem gurluşyk işlerinde merkeziň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekilmelidir. Hormatly Arkadagymyz merkeziň çäklerinde işler alnyp barlanda, “akylly” şäher konsepsiýasynyň düzgünlerinden ugur alynmalydygyny belläp, gurluşyk işlerinde ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagynyň hem-de daşky gurşawyň abadançylygynyň üpjün edilmeginiň onuň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze merkeziniň özüne mahsus döwrebap nyşanynyň bolmalydygyny belläp, ol taýýarlanylanda, ilatyň teklipleriniň, ýaşlaryň pikirleriniň hasaba alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäherde alnyp barylýan ähli işleriň ýerine ýetirilişiniň hemişe gözegçilikde saklanýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Arkadagymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini belläp, ýaňy-ýakynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen Bitaraplygynyň baýramynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilendigini, bu baýramyň diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň hem baýramyna öwrülendigini aýtdy. Sanlyja günlerden bolsa biz Täze ýyl baýramyny belläris. Bu şanly baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralar şu günlerem ýurdumyzyň ähli ýerinde dowam edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni şatlyk-şagalaňa beslenýär. Munuň şeýle bolmagy halkymyzyň agzybirliginden we jebisliginden nyşandyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň üstünlikli dowam etdirilmeginiň guwançly ýagdaýdygyny aýtdy.

Öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, täze senagat pudaklaryny döretmek bilen baglanyşykly işlerde, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler geçirilýär.

Halkara gaz geçirijiler, üstaşyr ulag geçelgeleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş, saglyk hem sport maksatly binalardyr desgalar, täze obadyr şäherçeler, şäherler, ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar. Bu beýik işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň gyradeň ösdürilýändigini, welaýat merkezlerinde-de, iň çetki obalarda-da dürli maksatly döwrebap binalaryň yzygiderli gurulýandygyny, ýöne şu wagta çenli Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň bolmandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki iň gözel künjekleriň birinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulýandygyny belledi. Gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň hünärmenleri täsinligi, owadanlygy, döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen haýrana goýýan «akylly» şäheri gurmagy başardylar.

Täze şäheri synlanyňda, göwnüň galkynýar. Onda giň we ýagty otaglary, içinde ähli amatlyklary bolan, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ulanylýan enjamlar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän çagalar baglary, multimedia enjamlary bolan umumybilim berýän orta mekdepler, iň häzirki zaman tehnikalary ornaşdyrylan hassahanalar we saglyk öýleri, sport, medeni, söwda maksatly binalar guruldy. Döwrebap ýollar, geçelgeler gurlup, ähli binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyryldy. Agaç nahallary, dürli güller oturdyldy. Durmuş hyzmaty ulgamy ýola goýuldy. Bir söz bilen aýdylanda, şäher ilatynyň eşretli durmuşda, bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Islendik şäheriň öz ady bilen tanalýandygyny, şunda şäherlere at dakmakda-da ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimiziň bardygyny belläp, hormatly Arkadagymyz asylly ýörelgelere esaslanyp, Ahal welaýatynyň täze merkezine hem döwrebap at dakmak üçin halkymyza sala salnandygyny, şunda diňe bir Ahal welaýatynyň ilatynyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň halkynyň erk-islegini nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň täze, döwrebap welaýat merkezini “Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak barada karary kabul edendigini nygtady.

Men şuňa halkymyň maňa bildiren ýokary ynamy diýip düşünýärin hem-de öz minnetdarlygymy bildirýärin diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Halkymyň ynamy meniň üçin ähli zatdan ýokardadyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär. Men mähriban halkymyň ynamyny ödejekdigimi, berkarar döwletimizi ösdürmek, ilatymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda gujur-gaýratymy gaýgyrmajakdygymy nygtamak isleýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz munuň üçin halkymyza bolan minnetdarlygyny beýan etdi.

Täze şäherde taryhda öçmejek yz goýan belli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek boýunça işler dowam etdiriler. Bu işler ýaş nesillerimizi geçmişimize guwanmak, taryhymyza buýsanmak duýgusynda, ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam eder. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda hem ýene-de şunuň ýaly ajaýyp binalar gurlup, ilat üçin ähli durmuş amatlyklary dörediler.

Täze şähere “Arkadag” adyny dakyp, uly hormat bildirendikleri üçin mähriban halkymyza, Mejlisiň deputatlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýylda-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň, ägirt uly işleriň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Halkymyzyň agzybirlikde çekýän zähmeti netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyryp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin biziň her birimize uly jogapkärçiligiň düşýändigini unutmaly däldiris. Men siziň bu jogapkärçiligi duýup, öňde duran wezipeleri abraý bilen berjaý etjekdigiňize, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny, ýurt abadançylygyny, il-ýurt bähbitli ýerine ýetirilýän işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem işden boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli öz oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirendigini aýdyp, täze döreden goşgusyny okap berdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, täze «Dowam bolsun!» atly goşgusy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar täze goşgynyň ilkinji diňleýjileri bolmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar. Bu şahyrana setirleriň geljekde aýdym bolup, tutuş halkymyzyň ýürek owazyna öwrüljekdigi, beýik işleriň, bagtyýar halkymyzyň eşretli, abadan günleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany bolup ýaňlanjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişmekde we şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.