Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Milli Geňeşiň Mejlisinde duşuşyk

Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen bolan duşuşygynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesine oňyn baha berip, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyga iki ýurduň hem täze itergi bermäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Hoşniýetli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Mejlisiň ýolbaşçysy myhmany milli parlamentiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmelerine ýardam bermäge gönükdirilen işi bilen tanyşdyrdy. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän täzeçil özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýän birnäçe möhüm kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Munuň şeýledigine iki dostlukly ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýylynyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegiň, parlament diplomatiýasynyň we parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we senator Erwe Moreý soňky döwürde gazanylan döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, taraplaryň parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.