Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy T.K.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy T.K.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň duşuşygy boldy. Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sebitde ilkinji gezek geçirilýän parlamentara forumyň we zenanlaryň Dialogyna gatnaşmaga we onda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etdiler. Olar bu syýasy ähmiýeti bolan wakalaryň dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuna ýokary baha berip, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygyny belläp geçdiler.

Taraplar türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada durup geçmek bilen bu gatnaşyklary parlament derejesinde goldamagyň netijeli usullaryny işläp düzmegi ylalaşdylar. Şunda taraplar ikitaraplaýynlyk esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işine uly ähmiýet berdiler.