Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ AŞGABAT DUŞUŞYGYNA GATNAŞYJYLAR BU FORUMYŇ GEÇIRILMEGINIŇ ÖZ WAGTYNDALYGYNY BELLÄP GEÇDILER

Parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny»  atly şu günki duşuşygynda bu forumyň derwaýys ähmiýeti nygtaldy. 
Şunlukda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ynanyşmagyň ykdysadyýet, ekologiýa, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda global ähmiýetli meseleleri çözmegiň esasy elementi bolup durýandsygyny belledi. 
Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Başlygy Ararat Mirzoýan ýurtlaryň arasynda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna, halklaryň arasynda ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berýän parlamentara özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi ugrunda anyk çäreleri kabul etmegiň zerurlygyny nygtady. 
Öz çykyşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň berkidilmegi, halkara we sebit gün tertibi boýunça gaýragoýulmasyz çözgütleriň kabul edilmegi hem-de bolup biläýjek düşünişmezlikleriň öňüniň alynmagy boýunça parlamentarileriň öňünde möhüm wezipäniň durýandygyny belläp geçdi. 
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Wladimir Andreýçenko parlamentarileriň wezipesiniň – deňhukuklylyk, durmuş adalatlylygy, açyklyk, ynanyşmak we raýdaşlyk jogapkärçiligi ýörelgelerine esaslanýan milletleriň bileleşiginiň döredilmegi ugrunda oňyn gün tertibiniň teklip edilmeginden ybaratdygyny nygtady.  
Öz çykyşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžansun BMG we beýleki abraýly ugurdaş guramalaryň çäklerinde ýurtlaryň arasynda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň berkidilmegi babatynda bilelikdäki tagalallaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny belledi. 
Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller Palatasynyň Başlygy Tadamori Oşimanyň wideoýüzlenmesiniň barşynda ýurduň demokratiýasynyň göterijileri bolup çykyş edýän parlamentarileriň derwaýys orny aýratyn nygtaldy we olaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşe işjeň gatnaşyjy bolup durýandyklaryny belläp geçdi. 
Özüniň wideoýüzlenmesinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Park Býon Sýoug şu duşuşyk parlamentarileriň tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň dikeldilmegine, şeýle-de BMG-niň ideologiýasynyň üç sütüniniň: durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzylygyň saklanylmagynyň hem-de adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagynyň amala aşyrylmagynyň mümkinçiligine ygrarlydyklarynyň subutnamasy bolar diýip nygtady. 
Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Zinaida Greçanyý parlament diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagynda halkara jemgyýetçiliginiň ynanyşmagy gaýtadan dikeltmek arkaly, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde tagalallaryny utgaşdyryp biljekdigini belläp geçdi.   
Öz çykyşynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjarani ähli ýurtlaryň parlamentarileriniň jemgyýetde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynda we ynanyşmagyň berkidilmeginde öňdebaryjy orny eýelemelidiklerini nygtady. 
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop halkara raýdaşlygyň has wajyp ähmiýete eýe bolan häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň sebit we halkara durnuklylygynyň üpjün edilmegindäki möhüm ornuny belledi.  
Öz çykyşynyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Wekiller Palatasynyň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda Zoir parahatçylygyň, durnuklylygyň we kepillendirilen howpsuzlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly gatnaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.  
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa öz çykyşynyň barşynda Merkezi Aziýada düýbünden täze syýasy gurşawyň döredilendigini we onuň durnuklylyk, sazlaşykly ösüş hem-de hoşniýetli goňşuçylyk sebitine öwrülendigini belläp geçdi.   
Şeýle hem öz çykyşylarynyň dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Meşrano Jirgasynyň Spikeriniň birinji orunbasary Mohammad Alam Izedýar, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň  Başlygynyň orunbasary Nurlan Abdirow, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Aida Kasymaliýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Olga Timofeýewa we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Spikeri Nurdinjon Ismoilow dagylar öz çykyşlarynda parlamentarileriň işiniň özara hormat goýmak, açyk gepleşikler hem-de taraplaryň deňhukuklylygy esasynda guralan ýagdaýynda netijeliliginiň has-da artjakdygyny nygtadylar.