Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar birek-biregi gyzyklandyrýan meseleleriň üstünde durup geçdiler we parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde berkitmegiň iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýändigi belläp geçdiler. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasy  formatynda sebitde ilkinji gezek geçirilýän parlamentara forumyň we zenanlaryň Dialogynyň däp bolan Merkezi Aziýa - Russiýa Federasiýasy dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan waka öwrülendigini belläp geçdi.

Ol ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmegi, hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmegi bilen türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň has-da işjeň ýagdaýda kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

Duşuşyk taraplaryň özara düşünişmegi we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.