Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral kabul edildi

2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral Türkmenistanyň Mejlisinde degişli tertibe laýyklykda hormat bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy ilki bilen myhmany täze başlan işi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň başynda myhman özüni myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Ol Türkiýe Respublikasynyň bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem netijeli we maksadalaýyk dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan  içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Milli Parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň gurluş düzümi, ygtyýarlyklary we mümkinçilikleri, parlamentiň halkara we parlamentara aragatnaşyklarynyň ýörelgeleri bilen halkara çärelerine, maslahatlara, konferensiýalara gatnaşygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem, myhmana Arkadag Prezidentimiziň döwrebap başlangyçlaryny, esasanam ulag, energetika we suw diplomatiýasyny, halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, sanly dolandyryşa we ykdysadyýete geçmek, daşky gurşawy goramak babatda meýilnamalaryny kanunçylyk taýdan öz wagtynda goldamakda  Türkmenistanyň  Mejlisinde alnyp barylýan alnyp barylýan işler, meýilleşdirilýän konstitusion özgertmeler hakynda gürrüň berildi.

Duşuşyk dostluk, doganlyk hem birek-birege düşünişmek ýagdaýynda geçdi we geljekde ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň has-da täze derejelere çykjakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimize alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde geljekde hem uly-uly üstünlikler, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edildi.