Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi hem-de türkmen we türk halklaryny tüýs ýürekden gutlap, bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge hem-de külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň hem-de geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen we türk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Çeşmesi