Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge­ňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge­ňeşiniň Başlygy gutlaglary hem-de Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň wekiliýetiniň Döwlet Dumasynyň sekizinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna synçylar hökmünde gatnaşandygy üçin öz kärdeşine hoşallyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň zenanlarynyň wekilleriniň Ýewraziýa zenanlar forumyna onlaýn tertipde gatnaşandyklary üçin hoşallyk beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşdäki parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge­ňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň wekiliýetini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek nobatdaky 53-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşinde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan parlamentara gatnaşyklaryň geljekde hem işjeň­leşdiriljekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklary bellenildi. Oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň Liderleriniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda taraplar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň iki döwletiň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy gi­ňeltmäge goşýan uly goşantlaryny aýratyn nygtap, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň döwlet Baştutanlaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.