Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Kipros Ýorgallis Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Jenap Kipros Ýorgallisiň ýokary şahsy häsiýetleri öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Size biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Nikos HRISTODULIDIS,
Kipr Respublikasynyň Prezidenti.
AŞGABAT, 22-nji maý (TDH).
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň wekili mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna Kipr Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Ilçi Kipros Ýorgallis Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň baş maksadydygy aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň
kanunçylyk binýadyny üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallis öz ýurdunyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.