Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY SEBITLEÝIN GATNAŞYKLARYŇ TÄZE ÇÄKLERINI AÇDY

2. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşantdyr

 

Häzirki döwürde gender deň­ligi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek işinde, durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň uly mümkinçiligini amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de mümkinçilikleri üpjün etmek meseleleri dünýäniň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň şeýledigine 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy şaýatlyk etdi. Forumyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda geçirilmegi sebitiň zenanlarynyň gatnaşyklarynyň netijeli görnüşi hökmünde onuň işine itergi berdi, bu meýdançanyň halkara derejedäki ornuny pugtalandyrdy.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan birnäçe iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilen duşuşyk sebitiň ýurtlaryndan gatnaşyjylary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit edarasynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Onuň ýokary derejede geçirilmegi wekilçilikli foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Hökümetleriniň agzalarynyň, parlamentarileriniň, abraýly guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleriniň, zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara bilermenleriň gatnaşmagyny üpjün etdi.

Duşuşygyň netijelerine syn bermek bilen, dialogyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünlikleri we gender deň­ligini üpjün etmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalar barada gymmatly maglumatlary alyşmak, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolandygyny bellemek gerek.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyga gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, dialogyň esasy maksady gender deň­ligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermekden, sebitiň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Bäş döwletiň Liderleri Ýüzlenmede forumyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, zenanlara ýokary ähmiýet berilmegine hem-de eýeleýän taryhy ornuna aýratyn ünsi çekdiler.

Forumyň dowamynda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine, özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmaklary bilen baglanyşykly, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynda goralmagy baradaky meseleler beýan edildi. Döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine, durmuş-ykdysady, medeni we ylmy gatnaşyklaryň, saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine zenanlaryň goşýan uly goşandyna duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň we BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň dolandyryjysynyň kömekçisi, Ýewropa we GDA ýurtlary üçin sebit býurosynyň direktory Mirýan Spolýariç Eggeriň çykyşlarynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň zenanlaryň jemgyýetimiziň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyny üpjün etmek syýasatyny durmuşa geçirmäge berýän örän uly ähmiýeti, şeýle hem bäş ýurduň Liderleri tarapyndan dialogyň işine berilýän goldawlar bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnamada sebitiň ýurtlary tarapyndan soň­ky 30 ýylda gender deň­ligini gazanmakda we zenanlaryň syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuş işlerine gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan syýasatyň we gazanylan öňegidişligiň mübäreklenendigini aýtmak möhümdir. Şeýle hem Jarnamada bäş ýurduň zenanlarynyň wekilleriniň sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçirilen zenanlaryň dialogyny goldandyklary üçin Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryna çuň­ňur hoşallyklaryny beýan edendiklerini bellemek gerek.

Forumyň netijeleriniň görkezişi ýaly, bu täze duşuşyk häzir Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça barha uly ähmiýete we täsire eýe bolýar. Häzirki wagtda dialog sebitiň aýratyn ugurly we isleg bildirilýän serişdesine öwrüldi. Munuň şeýledigine zenanlaryň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmäge, daşky gurşawy goramaga hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş we bilim baradaky wajyp meseleleri çözmäge goşýan goşandy subutnama bolup durýar. Bu ýagdaý Jarnamada aýratyn bölüm bilen bellenildi.

Dialoga gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesinde türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerligiň foruma gatnaşyjylara gi­ňişleýin we netijeli pikir alyşmaga, gender deňligini öňe ilerletmekde hem-de bu ugurda BMG, onuň düzümleýin bölümleri we beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň edýän tagallalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berendigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gender syýasaty babatda abraýly hukuk goraýjy serişdeler bilen netijeli gatnaşyklary amala aşyryp, wezipeleri çözmäge Türkmenistanyň jogapkärli çemeleşmesiniň bellenendigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Netijede, bu ugurda ýokary görkezijiler gazanylýar. Munuň ajaýyp mysallarynyň biri ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmagydyr.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň zenanlarynyň çykyşlarynda sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan kanunçylyk we institusional esaslary döretmek hem-de pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly gender deň­ligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere syn berildi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerinde zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagynda uly tejribe toplanyldy. Hususan-da, olaryň döwletiň we jemgyýetiň dolandyrylyşyna, kanunçykaryjylyk we hökümet düzümlerine, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özü­ňi dolandyryş edaralaryna, telekeçilik ulgamyna gatnaşmaklary üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Forumyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň beýan edilen netijeleri sebitiň döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň esas dörediji resminamalarynyň ýörelgelerine yzygiderli eýerýändiklerini, zenanlar üçin has amatly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärli çemeleşýändiklerini görkezdi. Şeýle hem duşuşykda, gender deň­ligini üpjün etmäge uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmegiň hasabyna ileri tutulýan milli ugurlary hem-de ösüşlere beslenen özgertmeleri amala aşyrmakda Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermäge BMG-niň esasy düzümleýin bölümleriniň gyzyklanma bildirýändigine üns çekildi. Şu babatda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna aýratyn orun berilýär.

Bäş ýurduň zenanlary “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibine, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibine, Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň onýyllygyna, Pekin Jarnamasyna we Hereketleriň platformasyna hem-de BMG-niň howandarlygynda işlenip düzülen beýleki kadalaşdyryjy düzgünlere ygrarlydyklaryny tassyklap, jemleýji resminamada dialogyň işini hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Zenanlaryň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna gatnaşmagyny gi­ňeltmek üçin milli we sebit derejesinde anyk ädimleri hem-de olaryň tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde döredijilikli we parahatçylyk dörediji kuwwatyny has doly peýdalanmak üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek taglymaty ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Dialogyň çäklerinde bilelikde düýbi tutulan binýat Türkmenistanyň,Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň zenanlarynyň arasynda döwlet dolandyryş, öňüni alyş diplomatiýasy, daşky gurşawy goramak, telekeçilik we işewürlik, medeniýet, bilim, ylym, sungat, sport, ýaşlary goldamak, syýahatçylygy ösdürmek hem-de umuman, gender deň­ligini üpjün etmek ulgamlarynda zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Zenanlaryň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryna Ýüzlenmesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu wekilçilikli foruma ýokary baha berlendigini bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirilen forum onuň halkara ähmiýetini ýüze çykaryp, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Duşuşygyň netijeleri hem-de onuň dowamynda öňe sürlen teklipler sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen birlikde, umuman, bu ulgamda köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi bermäge gönükdirilendir.