Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Şu gün hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy, ol biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy, netijede, Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi.

“Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijesinde, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek gerek. Ýaponiýanyň işewür düzümleri geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu wezipeleriň çözülmegi ugrunda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abe uly tagallalary etdi.

Hajy Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň adyndan berilýän bu gurbanlyk sadakasyny Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýandygyny aýtdy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, merhum döwlet işgäri häzirki döwür dünýä syýasatçylarynyň hem-de döwlet işgärleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýärdi hem-de halkara derejede belent abraýa eýe boldy.

Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady. Dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen durnukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny saklady diýip, hajy Arkadagymyz belledi.

Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan beýik syýasatçydyr hem-de meşhur şahsyýetdir. Maňa birnäçe gezek onuň bilen duşuşmak miýesser etdi. Biz hemişe onuň belent adamkärçilik häsiýetlerine uly hormat goýýardyk, onuň bilen dostluk gatnaşyklaryny saklaýardyk diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu gün türkmenistanlylaryň ýapon halky bilen bilelikde bu agyr ýitgi — Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç duýgularyny başdan geçirýändigini aýdyp, ajaýyp adam, beýik syýasatçy Sindzo Abeniň nurana keşbiniň biziň ýüreklerimizde ebedilik galjakdygyny nygtady.

Görnükli şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Sindzo Abe gurban boldy diýip, hajy Arkadagymyz belledi we onuň ýagty ýadygärligine hormat goýup, bir minut dymyşlyk yglan etdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň ymamy tebärek çykdy.

Tebärekden soň, Arkadagly Serdarymyzyň adyndan merhum Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasy berildi.

Ýygnananlar milli aşhananyň dürli tagamlaryndan dadyp, şu günki berilýän sadakanyň halkymyzyň köpasyrlyk asylly däpleriniň nyşanydygyny hem-de häzirki wagtda bu ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigini bellediler.

Hajy Arkadagymyzyň başlangyçlary, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgeleri ösdürmek ugrunda edýän tagallalary özüniň oňat netijesini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň
başlan beýik özgertmeleriniň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Munuň özi bu gün ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna kybap gelýändiginiň mysalydyr.

Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, berlen sadakalaryň kabul bolmagy, merhum Sindzo Abeniň ruhunyň şat bolmagy dileg edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeleriniň belent bolmagy, Watanymyzyň nurana geljegine gönükdirilen asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi Beýik Biribardan dileg edildi.

Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýanyna baryp, Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirdi we tutuş ýapon halky üçin agyr günde medet beriji sözlerini aýtdy.

Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz şeýle hem hut öz adyndan hem-de maşgalasynyň adyndan Sindzo Abeniň ýakynlaryna çuňňur duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini ýetirmegini haýyş etdi.

Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň şu gün hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsine öwrüldi. Olaryň hatarynda dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Çeşmesi