Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hödürlenildi. Şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu hormatly sylaglara ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan raýatlary mynasyp bolar.

“Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, telekeçiligi, hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň hem-de güwälendirmegiň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak bar.

Şu ýyl bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de hereket edýänlerini kämilleşdirmek işleri durýar. Olar bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny, ýurdumyzyň kompaniýalarynyň maýa goýum işjeňligini goldamaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny, ony amala aşyrmagyň usullaryny kesgitleýän hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamak we amala aşyrmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze Kanun möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we beýleki serişdeleri birleşdirmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, düzümiň desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary, meýilnamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak üçin býujetden daşary çeşmeleriň serişdelerini çekmekde hukuk şertlerini döretmek bu resminamanyň maksatlarynyň biridir.

Umuman, döwletiň we hususy hyzmatdaşlygyň arasyndaky gatnaşyklar hususy telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkara ölçeglere kybap gelýän önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagyna ýardam etmelidir.

Soňra deputatlaryň garamagyna “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şol syýasatyň baş maksady ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watana bolan söýgini artdyrmak bolup durýar.

Häzir ýurdumyzda kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli okuw mekdepleriniň gurluşygy dowam edýär. 12 ýyllyk mekdep bilimine geçilmegi, ylmyň we okuwyň innowasion usullarynyň bilim berlişine ornaşdyrylmagy abraýly halkara olimpiadalaryň ýeňijileriniň sanyny artdyrmaga, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etdi.

Munuň şeýle bolmagyna ykdysadyýetiň esaslary, nusgalaşdyrma we grafika, maglumat-kommunikasiýa hem-de innowasion tehnologiýalar, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä edebiýaty sapaklarynyň esasy dersler bilen bir hatarda sapaklaryň tertibine goşulmagy hem ýardam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti bellenildi. Ol bu möhüm ugurda gatnaşyklaryň hukuk esasyny hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Bilim almaga bolan hukuk adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biridir. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň binýady hasaplanýan bilimiň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugruny düzýär. Biziň ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemek, bilim bermek ulgamy milli hem-de umumadamzat ruhy-ahlak, medeni, durmuş gymmatlyklaryna, türkmen jemgyýetinde kabul edilen, adamyň, jemgyýetiň, döwletiň bähbidine özüňi alyp barmagyň düzgünlerine we kadalaryna esaslanandyr.

Soňra parlamentarileriň garamagyna “Firma atlary hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleri batly depginler bilen senagatlaşdyrmak, oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, şeýle hem intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramak boýunça başyny başlan giň gerimli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Degişlilikde dürli guramaçylyk-hukuk görnüşleri bolan täze kärhanalaryň, şol sanda hususy firmalaryň we kompaniýalaryň sany artýar.

Umuman, bularyň hemmesi täze kanunçylyk namasynyň derwaýyslygyny şertlendirýär, ol Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik taraplaryna firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Şeýle hem deputatlar “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna we döşe dakylýan nyşanynyň ýazgysyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.

Maslahatda şu resminamalar bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Dessuryny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Diwanyny guramagyň we onuň işiniň tertibi hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine seredildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kanunçylygynyň hereket edýän ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.