Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem­de ýurdumyzyň kanunçylyk­hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we olar kabul edildi. Mejlise birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem­de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlar, gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Degişli Kanunlaryň kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda amala aşyrylýandygy hem­de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmäge, ugurdaş ulgamlaryň işiniň hukuk mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendigi bellenildi. Çykyş edenler bu kanunçylyk resminamalarynyň kabul edilmeginiň raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, sanly ulgamyň hukuk esaslarynyň ornaşdyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça çykyşlarda onuň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylandygy hem­de ýol hereketiniň howpsuzlygyny we düzgünlerini üpjün etmek boýunça işleri giňeltmekde wajypdygy bellenildi.

“Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar onuň kabul edilmeginiň ata Watanymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini aýawly saklamaga ýardam edýän taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendigini nygtadylar. Munuň özi tebigatymyzyň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny üpjün edýär. Bu Kanunyň taslamasy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen Kanunlaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar bu hukuk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanun çykaryjylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş­ykdysady we demokratik özgertmeleri mundan beýläk­de üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler. Şol özgertmeler döwletimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynda okgunly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir.