Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň garamagyna çykarylan resminamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň maslahatyndan ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, şeýle hem şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna degişli seljerme berdi we anyk tekliplerini beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz: “Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Şoňa görä-de, 2022 — 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdelerini durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdireris. Býujetiň agramly bölegini, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ederis” diýip belledi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň esasy böleginiň durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberiniň köpeldilmegine we bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdiriljekdigini nygtady. Mundan başga-da, raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Şeýlelikde, Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu maslahatynyň garamagyna girizilen esasy maliýe-hukuk resminamasy ykdysady strategiýadan ugur alnyp taýýarlanyldy hem-de many-mazmuny boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” berkidilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup durýar. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösüşiniň depginini kesgitlemäge gönükdirilendir. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly ýagdaýyny saklamaga, Türkmenistanyň giň gerimli mümkinçiligini ulanmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge we türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny, her bir maşgalanyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikleri, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmelerini hem-de ýörelgelerini, onuň girdeji bölegini döretmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň deputatlarynyň belleýişleri ýaly, anyk mümkinçilikler hem-de garaşylýan çaklamalar nazara alnyp, Döwlet býujetiniň geljek ýyl üçin möhüm wezipesi ähli pudaklary depginli ösdürmegiň we esasy serişdelere maýa goýmagyň, häzirki zaman bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini saklamakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tekliplerine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň esasy bölegini durmuş ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl maýa goýumlaryň belli bir möçberi ýaşaýyş jaýlaryny hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalary gurmaga gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynda zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Milli ykdysadyýetiň obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagaty ýaly ugurlary geljek ýyl hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda üstünlikli alyp barýan ýörelgesi netijesinde has-da ösdüriler. Ulag-aragatnaşyk hem-de önümçilik düzümleriniň möhüm desgalarynyň bina edilmegi ýokary depginler bilen dowam etdiriler. Maslahatyň dowamynda geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine garaldy. Habar berlişi ýaly, 2023-nji ýyl üçin telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, ýurdumyzda önüm öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän paýyny artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Şeýle hem salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalaryň çäklerinde bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin goşmaça maliýe çeşmelerini tapmak, bazar institutlaryny özgertmegi dowam etmek işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanandyr, döwletiň hem-de jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir we onuň halkyň bähbitlerine, durmuşynyň abadançylygyna hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Şeýle-de “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary kabul edilen resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen yzygiderli öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.