Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň degişli gulluk, ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Milli goşunyň goranyş ukybyny we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan, goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyk derejede berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

Ir säherden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde wakanyň geçýän ýerine geldi.

Bu ýerde ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna taýýardygy barada hasabat berdi.

“Serhet owazlary” aýdym-saz we tans toparynyň ýerine ýetiren “Jan Watanym, Türkmenistan!” atly edebi-sazly kompozisiýasy hem-de “Ýör, öňe Watan!” atly Bitarap Watanymyzy, türkmen halkynyň agzybirligini wasp edýän joşgunly aýdymy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Tolgundyryjy pursat ýetip geldi — Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan binalar toplumyna girdi. Bu ýerde harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ç.Amanow toplumyň çäginde gurlan binalar, olarda döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi hem-de harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana, esgerleriň ýatakhanasy, olardaky şertler we beýleki ugurdaş desgalaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň ýerine ýetirýän hojalyk işleriniň ugurlary bilen tanyşdyrdy.

150 orunlyk naharhanada ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhananyň we aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar üçin taýýarlanylýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri bilen gyzyklandylar.

Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde gurnalan häzirki zaman enjamlary hem-de aşpezleriň işlemegi üçin döredilen şertler naharlary taýýarlamak işlerini ýeňilleşdirýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna taýýarlanylan tagamlar görkezildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň gulluk şertleri, isleg-arzuwlary hem-de boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary bilen gyzyklandylar.

Serhetçiler ýakyn geljekde ele almagy arzuw edýän hünärleri barada gürrüň berdiler. Hormatly Arkadagymyz we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim hem-de hünär taýýarlygy üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Bularyň ählisi ýaşlarda watansöýüjilik ruhuny berkitmekde, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýelemekde aýratyn zerurdyr.

Harby gullukçylar boş wagtlary aýdym-saz sungaty bilen meşgullanýandyklaryny gürrüň berdiler we Watanymyzy wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdiler.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň VII gurultaýynyň geçiriljekdigini, onda ýaşlar syýasatyna degişli birnäçe meselelere garaljakdygyny aýdyp, harby gullukçylaryň bu gurultaýa hödürlejek teklipleri bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ýaşlar her bir işde öňbaşçy bolmalydyrlar hem-de Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara işjeň gatnaşmalydyrlar. Gahryman Arkadagymyz şu mesele boýunça ýaşlar bilen duşuşandygyny we şonda ýaşlar tarapyndan birnäçe teklipleriniň beýan edilendigini aýtdy hem-de şu günki harby gullukçylaryň ýaşlar syýasaty bilen bagly teklipleriniň, isleg-arzuwlarynyň döwlet Baştutanymyza ýetiriljekdigini nygtady.

Güneşli ülkämiziň dürli künjeklerinden harby gullugy geçmäge gelen serhetçi esgerler ýokary derejeli gulluk ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar hem-de şöhratly pederlerimiziň Watana gulluk etmegiň asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Bu ýerde harby gullukçylar tarapyndan bölünip berlen ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja ekin we miwe önümleriniň dürli görnüşleri: üzümiň “Alaman doýran”, “Rowaç”, “Sary kişmiş”, “Şa serpaý”, “Taýpy”, “Gyzyl üzüm” görnüşleri goýlupdyr. Şeýle hem almanyň, garalynyň, armydyň dürli görnüşleri, hyýaryň, pomidoryň, kelemiň ýazky we güýzki görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde ekerançylyk ylmynyň gazananlary netijeli ulanylyp, önümleriň täze görnüşleriniň taýýarlanylandygyny görkezýän şekiller bar. Şeýle-de et we et önümlerine, süýt önümlerine möhüm orun berlipdir. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda maldarçylygy, guşçulygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda bar bolan tebigy serişdeleri we mümkinçilikleri has doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi dürli düzümlerde we pudaklarda ýokary girdejili kömekçi hojalyklaryň döredilmegini şertlendirýär. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýeti munuň aýdyň mysalydyr.

Olarda öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerini zerur azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär hem-de olar ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, bu ýerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullary öwrenilýär, olaryň görnüşlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň döredilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, harby gullukçylaryň Diýarymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär. Degişli çäklerde ösdürilip ýetişdirilýän miweli we saýaly agaçlar amatly howa gurşawynyň emele gelmegine mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ýer bölekleri bolup, olarda gök, bakja ekinleri, ir-iýmişli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Ajaýyp tebigatymyzyň gözel künjeklerinde, sahawatly türkmen topragynda, çeşme-çaýlaryň akabalarynyň ugurlarynda dürli görnüşli miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerleriň ekerançylyk we ir-iýmişli baglary ösdürmek üçin aýratyn ýaramlydygy ylmy taýdan esaslandyryldy. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman ylmy bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Hojalyk müdiriýetine degişi ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ter miwe önümlerinden dürli mürepbeleriň, miweli içgileriň taýýarlanyp, olaryň harby gullukçylara berilýän tagamlaryň sanawyna girizilýändigini bellemek gerek. Bu işler ýaş esgerleriň ene topraga söýgüsini artdyrýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetine degişli ammarlar hem-de sowadyjylar bolup, olaryň netijeli peýdalanylmagy tutuş ýylyň dowamynda ter gök we miwe önümleri bilen üpjünçiligiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa toplumyň okuw otagyna bardylar. Bu ýerde müdiriýetiň ýolbaşçysy interaktiw tagtanyň kömegi arkaly harby gullukçylar bilen baglara ideg etmegiň aýratynlyklary, olaryň suwarylyşy we miweli baglary sapmak usullary bilen baglanyşykly okuw sapaklarynyň geçirilýändigi barada aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy dürli künjeklerde, boş meýdanlarda bagçylygy hem-de üzümçiligi, gök ekerançylygy ösdürmek işleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginiň önüm bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan sagdyn daşky gurşawy döretmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdiler.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Mejlisiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmegiň, maldarçylygy hem-de guşçulygy ösdürmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýdyp, bu işleriň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerlerde zähmete bolan söýgini terbiýelemekde-de zerurdygyny bellediler.

Bu ýerde Hojalyk müdiriýetiniň düzümlerinde ulanylýan serişdeler we harby gullukçylar üçin ýörite lybaslar goýlupdyr.

Serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary esgerleriň ýatakhanasyna baryp gördüler. Onda oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Göwnejaý enjamlaşdyrylan esger ýatakhanasynda harby gullukçylar üçin niýetlenen serişdeler bilen bir hatarda, olaryň harby we sport lybaslarynyň görnüşleri goýlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, bu lybaslaryň ýurdumyzyň häzirki zaman ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda ekologiýa taýdan arassa çig maldan taýýarlanylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Hormatly Arkadagymyz şu gün säher bilen döwlet Baştutanymyzdan harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky tabşyrygy alanlarynda, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen önümlerden gowşuryljak süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara geçirmek barada görkezme berlendigini aýtdy. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz azyk we gök, miwe önümlerini Döwletliler köşgüniň şu günler Gökderedäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan çagalaryna gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň owazy çäreleriň dabarasyny has-da belende göterdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa harby esgerleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly bölüminiň görkezme çykyşlaryny synladylar.

Soňra myhmanlara toplumyň çäginde harby gullukçylar tarapyndan idedilýän ahalteke bedewleri görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata öwrülen we dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, harby düzümlerde hem işjeň ulanylýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Hojalyk müdiriýetiniň binalar toplumynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän alabaýlar görkezildi. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan myrat tapan alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluklarynda ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän we idedilýän alabaýlar ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaý 2021-nji ýylda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýeňiji bolan alabaýy synlap, onuň özboluşly aýratynlyklary we alabaýlara ideg etmegiň, olarda dürli zerur endikleri ösdürmegiň ýollary bilen gyzyklandy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hemmelere alyp barýan gulluklarynda üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugradylar.

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.

Ösüp gelýän nesil, maşgala gymmatlyklarynyň hem-de ruhy taglymlaryň dowamat-dowamlylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly terbiýelenilmegi hem-de aň-paýhas başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar süýjülik dadymlygyny şatlyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize bagtyýar çagalyk üçin hoşallyk bildirdiler.

Çeşmesi