Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim şu günler ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy hakynda hasabat berildi.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, şäherde şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar.

Häkim desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak, paýtagtymyzy tomus möwsümine doly derejede taýýarlamak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylamagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belledi.

Paýtagtymyz döwrebap we sazlaşykly ösýän şäherleriň hatarynda öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň durmuş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Aýratyn-da, ak mermerli Aşgabadyň dürli maksatly desgalarynyň döwrebap derejede dolandyrylmagyna, işleriň sazlaşykly guralmagyna örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine, şol bir wagtyň özünde “Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk işleri utgaşykly alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu günler alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda şanly seneleriň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna we ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde gurluşyk senagatynyň ösüşine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini belläp, olarda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň 140-synyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, olaryň amatlylyk derejesiniň ykdysady taraplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şu nukdaýnazardan, ähli desgalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ykdysady bähbitleri möhüm şert hökmünde kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Meýilleşdirilýän işleriň, taýýarlanylan taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagy, olarda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň sanly ulgamy, şäher düzümini dolandyrmakda bolşy ýaly, adamlar üçin zerur amatlyklary üpjün etmekde aýratyn bähbitlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we her bir işde adam hakdaky aladanyň esasy orunda durmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, galla oragyna taýýarlyk, däne ýygýan kombaýnlaryň, awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şol bir wagtyň özünde pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany berjaý etmek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem şanly seneleri mynasyp garşylamak, “Soňky jaň” dabaralaryny guramaçylykly geçirmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.

Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragyna guramaçylykly girişmek, bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatda ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek döwrüň möhüm talabydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi, bular babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew gowaçalaryň ösüşini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Ýeralma, sogan we beýleki gök ekinlere ideg işleri degişli derejede alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde galla oragynda işlediljek tehnikalary ýokary derejede taýýarlamak, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak we şu mynasybetli medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu önümi öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Häzirki wagtda welaýatda gant şugundyryny bellenilen möhletlerde ekmegi guramak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagtynda geçirilmeginiň we onuň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini doly derejede taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenilen wagtda tamamlamak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahat Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada aýdyldy. Häzirki wagtda gök we bakja ekinlerinden, şol sanda ýeralmadan bol hasyl almak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar.

Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, bu babatda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talapdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ak ekinlere, gowaçalara edilýän ideg edilişi, galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini taýýarlamak, pile öndürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Häkim ýeralmadan we beýleki gök, bakja ekinlerinden alynýan hasyly artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan agrotehniki çäreleri ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hem hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk, şanly seneleriň hormatyna meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, şu ýyl welaýatda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak we baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçadan, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almakda möhüm ähmiýeti bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga ylmy esasda çemeleşmegiň, gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, welaýatyň dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri ugrunda ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz, asylly däbe görä, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçiriljekdigini, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, öz gezeginde, häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere edilýän ideg işleri, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen doly üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Galla oragynda işlediljek kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň we galla kabul edilýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.

Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işlere giň gerim berildi.

Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň, welaýatyň dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň taýýarlyk ýagdaýlary barada maglumatlar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny, beýleki gurallary galla oragyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gowaçanyň we ak ekinleriň ideg işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Welaýatda şanly seneleriň mynasyp derejede garşylanmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyna guramaçylykly, bellenilen möhletlerde girişmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigni belläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň mynasyp derejede garşylanmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Çeşmesi