Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, wise-premýerler M.Mämmedowany, M.Geldinyýazowy we Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny we şanly seneleriň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreleriň yzygiderli guralýandygyny aýtdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Tassyklanan meýilnama laýyklykda, Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli bäsleşikler, sergiler, sanly ulgam arkaly halkara çäreler, maslahatlar geçirilýär. Metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda Aşgabat şäherini wasp edýän wideogörnüşler, makalalar, fotosuratlar ýerleşdirilýär, şeýle hem olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ulgamyň düzümlerinde işgärleri seçip almaga we olaryň hünär taýdan taýýarlanylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şanly senelere, taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän döwletimiziň we medeniýetimiziň ösüşine bagyşlanan döwrebap gepleşikler hem-de makalalar taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýhasly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän paýtagtymyzyň ýeten derejesi barada giňişleýin maglumatlar berýän makalalar we gepleşikler taýýarlanylmalydyr. Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizilendigi hemmämizi buýsandyrýar. Şeýle hem halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň ekologiýa derejesine möhüm orun berilmelidir. Aşgabat barada döredilen goşgulary, aýdymlary dünýäniň dürli dillerine terjime etmek boýunça degişli işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralary umumybilim berýän mekdepleriň bagtyýar uçurymlarynyň durmuşyň ak ýollaryna bolan ynamly gadamlarynyň aýdyň senasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda örän jogapkärli döwrüň başlanýandygyny aýdyp, okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen bagly geçirilýän “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz guralýan çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesiniň, ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýarlygynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, “Soňky jaň” dabaralary 140 ýyllygy bellenilýän ak şäherimiz Aşgabadyň nurana gündizlerini, älemgoşar öwüşginli agşamlaryny wasp edýän çärelere, ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan ýatda galyjy taryhy wakalara baý bolmalydyr. Şäheriň 140 ýyllygy bilen utgaşykly bellenilýän dabaralar paýtagtymyzyň ähli künjegini gurşap almalydyr diýip belledi.

Munuň üçin baýramçylyk maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýerler Ş.Durdylyýewe, M.Mämmedowa hem-de M.Geldinyýazowa degişli tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şanly seneleriň dabaralandyrylýan ýylynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gadymy şäherdigini, taryhyň dürli döwürlerinde paýtagtymyzyň ösüşine möhüm ähmiýet berlendigini belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, onda adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berilmelidir. Munuň özi şäheriň 140 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Paýtagtymyzyň owadan, abadan we arassa şäher hökmündäki belent abraýyny saklamak biziň borjumyzdyr. Häzirki döwürde bu meselelere örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherine ykbalyny baglan we şäheriň ösüşine mynasyp goşant goşan şahsyýetleri döwlet derejesinde sarpalamak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer şanly senelere beslenip gelen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowamynda guralýan dabaralaryň taýýarlyk işleri, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 2021-2022-nji okuw ýylynda birinji synpa kabul ediljek mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşuryljak noutbuklaryň nusgalaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde kiçi we orta telekeçiligiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu düzümleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, ähli ýerlerde elektron söwdany guramak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Soňra milli Liderimiz täze okuw ýylynda birinji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna beriljek noutbuklaryň nusgalary bilen içgin tanşyp, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Körpe nesilleriň sanly ulgama bolan höwesini artdyrmakda we bu ugurdaky ukyplaryny ösdürmekde wajyp ähmiýeti bolan noutbuklaryň kämil derejede bolmagy hökmandyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeler berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Çeşmesi