Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene sähel salymdan biz bu ýyl bilen hoşlaşyp, täze, 2023-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

2023-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça towşan ýyly. Halkymyz bu ýyly bereketli, asuda, abadan hasaplap, täze ýyla ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen gadam basýar.

Geçip barýan ýyl Garaşsyz, Bitarap döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilen ýyly boldy. Şu şatlykly baýramçylyk pursadynda taryha öwrülip barýan bir ýyllyk döwre gysgaça ser salalyň!

Şu ýyl Aşgabat — Kerki — Aşgabat, Daşoguz — Kerki — Aşgabat howa gatnawlarynyň açylmagyndan başlandy. Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň Çoganly etrapçasyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny, Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini işe girizdik. Awazada döwrebap «Rowaç» kottejler toplumyny, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly, Daşoguz şäherinde hem köpugurly we onkologiýa hassahanalaryny, şol sanda paýtagtymyzda «Daşkent» seýilgähini, sil suwuny sowujy desgalar toplumyny, ýakynda bolsa Balkan welaýatynda döwrebap «Galkynyş» şäherçesini dabaraly açdyk. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzillerini ulanmaga berdik.

Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutduk. Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş, sport desgalaryny, seýilgähleri, başga-da köp sanly desgalary ulanmaga berdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp, toý tutdy. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini aýdyň görkezýär.

Şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem geçirildi. Watandaşlarymyz demokratik esasda erk-islegini beýan edip, nurana geljegi üçin ses berdiler.

Tamamlanyp barýan ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy wakalar halk bilen häkimiýetiň bitewüligini berkitmekde, demokratik kadalary kämilleşdirmekde nobatdaky ädimdir.

Ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Biz obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan bu işlerimizi dowam etdireris.

Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, söwda-telekeçilik ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanylyp, bu pudaklaryň işgärleri-de berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz Diýarymyzda berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler.

Bedenterbiýe we sport döwlet syýasatymyzyň ýene-de bir ileri tutulýan ugrudyr. Biz halkara ýaryşlarda ata Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýan türgenlerimize buýsanýarys. Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki sport federasiýalary bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de işjeň ösdüreris.

Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmäge, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ulgama ylmyň täze gazananlaryny, innowasion usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys.

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, iri taslamalary, milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ylmyň ähmiýeti örän uludyr. Ylmy ösdürmek boýunça döredýän şertlerimiz geljekde ýurdumyzyň ähli ugurlarda bäsdeşlige ukyply bolmagynyň berk binýadydyr.

Ýaşlar — biziň geljegimiz. Şu ýyl kabul eden «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunymyza laýyklykda, biz ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemäge, ýaşlaryň telekeçilik işlerini goldamaga aýratyn ähmiýet bereris.

Biz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň kesgitledik. Bu syýasat Birleşen Milletler Guramasynda giň goldaw tapýar. Şu ýyl Türkmenistanyň bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna hem-de 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Biziň başlangyjymyz bilen, Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», 77-nji sessiýasynda bolsa «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamalar kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bolsa ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmegidir.

Biz geljekde-de tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşarys.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugrudyr we hemişe şeýle bolmagynda-da galar.

Hormatly watandaşlar!

Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça hem ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýakynda türkmen milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzda halkara derejede dürli döredijilik çärelerini, Medeniýet günlerini we hepdeliklerini, maslahatlary, festiwallardyr sergileri, konsertleri hem-de beýleki çäreleri geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Tamamlanyp barýan ýylda-da şeýle çäreleriň ençemesi geçirildi.

Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralan dabaralar bolsa medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy baýlaşdyrmakda, milli mirasymyzy öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Nesip bolsa, geljek ýylda Medeniýet hepdeligini paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçireris.

Milli medeniýetimiz halkymyzyň ruhy baýlygydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

«Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimiziň dowamydyr.

Hormatly watandaşlar!

Nesip bolsa, aýdyň maksatlar, uly umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz parahatçylygyň, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň we tutumly işleriň ýyly bolar.

Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr.

Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.

Eziz watandaşlar!

Ýene-de az salymdan täze, 2023-nji ýyly garşy alýarys. Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň mukaddes maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, agzybirlik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!

Eziz watandaşlar!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!