Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

ÝAŞLAR SYÝASATY DABARALANÝAR

7­nji oktýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hormatly Prezidentimiziň 2021­nji ýylyň 10­njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilişine bagyşlanan maslahat guraldy.

Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmek, olaryň işlerine maýa goýumlaryny gönükdirmek,  ýaşlary goldamak boýunça maksatnamalar toplumyny taýýarlamak, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine aýratyn üns bermek we beýleki möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi. Hususanda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlary ähli ugurda goldamak babatda giň gerimli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy.

Bularyň ählisi türkmen ýaşlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Maslahatda Garaşsyz Watanymyzda nurana ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlary goldamak babatda edýän ýadawsyz aladalary, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Maslahata gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşmak ugrunda mundan beýläk hem yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

«Türkmen sporty».