Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Parlamentara Bileleşigi barada

MAGLUMAT

 

Parlamentara Bileleşigi  (IPU) 1889-njy ýylda döredildi.

179-sany ýurduň parlamentleri agzasy bolup durýar.

13 – sany assosirlenen (synçy) agzasy bar.

PB-i syýasy meseleler boýunça pikirlerini aýdýar we halkara meselelerini çözmekde ýörite rezolýusiýalar kabul etmek bilen tekliplerini berýär.

Parlamentara Bileleşiginiň  hemişelik hereket edýän edaralarynyň ýerleşýän ýeri Ženewa şäheri.

Parlamentara Bileleşiginiň dolandyryjy edaralary Parlamentara Assambleýadan, Parlamentara Geňeşden, Ýerine ýetiriji komitetden, komissiýalardan we Sekretariatdan ybarat.

PB-niň Assambleýasy ýylda iki gezek çagyrylýar we özüne agza parlamentleriň paýtagtynda geçirilýär.

PB-niň Parlamentara Assambleýasyna milli parlamentler tarapyndan bellenen wekiliýetler gatnaşýarlar.

PB-niň Assambleýasynyň çykarýan çözgütleri oňa gatnaşyjy döwletleriň parlamentleri üçin maslahat beriji häsiýete eýedir.

 

PB-niň Parlamentara Geňeşi Parlamentara Bileleşigine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Täze agzalary saýlamak meselesine seredýär, Assambleýanyň iş meýilnamasyny we býudjetini tassyklaýar, PB-ň Başlygyny we Baş Sekretaryny saýlaýar.

PB-niň Ýerine ýetiriji komiteti - düzümi 17 adamdan ybarat. Ol Sekretaiýatyň işine gözegçilik edýär. Agzalyk boýunça, iş meýilnama boýunça tekliplerini berýär, Geňeşiň sessiýalarynyň nobatdaky geçjek ýerini, wagtyny, gün tertibini kesgitleýär.

PB-niň Sekretariaty - oňa Baş Sekretar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär we Parlamentara Bileleşigine hem-de onuň edaralaryna tehniki, maglumat, hukuk we beýleki ýardamlary berýär.

 

PB-niň  Hemişelik komissiýalary:

-      parahatçylyk we halkara howpsuzlygy boýunça komissiýa;

-      durnukly ösüş, maliýe we söwda boýunça komissiýa;

-      demokraiýa we adam hukuklary boýunça komissiýa;

-        BMG-ň işleri baradaky komissiýa.

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen Parlamentara Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklar barada

MAGLUMAT

 

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredip beren giň mümkinçilikleriniň netijesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi 2017-nji ýylyň 14‒18-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşiginiň nobatdaky 137-nji maslahatynyň çäklerinde bu abraýly gurama agza boldy.

Parlamentara Bileleşigi dünýäniň iň iri we iň gadymy parlament guramasy bolmak bilen ol öz düzümine 179 döwletiň parlamentini birikdirýär.

Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti geosyýasy toparlar tarapyndan hödürlenilýär we üç ýyl möhlete saýlanylýar.

Guramanyň häzirki Prezidenti Duarte Paçeko 2020-nji ýylda  1-4-nji noýabrynda geçirilen Dolandyryjy Geňeşiň adatdan daşary wirtual  maslahatynyň çäklerinde bu wezipä saýlandy.

Guramanyň Baş Sekretarynyň wezipesi bellenilýän wezipedir we ol Sekretariata ýolbaşçylyk edýär. Baş Sekretar- asly kamerunly Martin Çungong.

Türkmenistanyň Mejlisi «Parlamentara Bileleşigine agzalyga girmek we Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigindäki Milli parlament toparyny döretmek hakynda» 2017-nji ýylyň 26-njyawgustynda  611-V belgili taryhy karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 118-nji madda) kabul etdi. 

2018-nji ýylyň 30-njy maýy-2-nji iýuny aralygynda Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungongyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde 30-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde kabul edildi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň guraýan çärelerine işjeň gatnaşýar. Soňky gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parlamentara Bileleşigiň 2019-njy ýylyň 5-9-njy aprelinde Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen 140-njy Assambleýasyna gatnaşdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri guramanyň çäklerinde geçirilýän çärelere, okuw maslahatlaryna sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.