Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen gatnaşyklary barada

MAGLUMAT

    Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) - dünýädäki iň uly sebit howpsuzlyk guramasy. Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Merkezi Aziýada ýerleşýän 57 ýurdy birleşdirýär.Türkmenistan bu gurama 1992-nji ýylda agza boldy.

Howpsuzlygy üpjün etmegiň we guramanyň esasy meselelerini çözmegiň esasy serişdeleri:

Gurama gatnaşýan ähli döwletleriň deň derejesi bar. Kararlar ylalaşyk esasynda kabul edilýär. Kararlar kanuny taýdan hökmany däl ýöne möhüm syýasy ähmiýete eýe.

ÝHHG-nyň PA -Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Parlament Assambleýasydyr. Türkmenistanyň Mejlisi bu gurama doly hukukly agza bolup 2014-nji ýylda girdi ( Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky № 52 belgili “Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýetiniň düzümini tassyklamak hakynda” Karary). Guramada Türkmenistanyň Mejlisiniň üç agzasy wekilçilik edýär we jemi üç sesi bardyr. Gurama Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalyk tölegi bellenilendir. Guramada üç sany hemişelik komitet we dürli iş toparlary hereker edýär. Komitetleriň başlyklary we orunbasarlary, dokladçylary üç ýyl möhlete saýlanylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-nyň PA-nyň işine işjeň gatnaşýar.