Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 18-nji madda)

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r  e d ý ä r :

Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019-njy ýylyň 27-nji awgustynda Singapur şäherinde gol çekilen Ylalaşygytassyklamaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 14-nji marty.

№ 242-VI.

 

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 242-VI


Kabul edilen senesi:  14.03.2020 


Neşir edilen ýeri: (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 18-nji madda)


Çagyryş: VI