Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbugat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna goşulmak hakynda

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbugat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky 2013-nji ýylyň 27-nji iýunynda Marrakeş şäherinde kabul edilen Marrakeş Ylalaşygyna goşulmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.

№ 291-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 291-VI


Kabul edilen senesi:  22.08.2020 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI