Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary taýýarlaýjylaryň we ýaýlyma goýberiş guramalarynyň hukuklaryny goramak hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

Ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary taýýarlaýjylaryň we ýaýlyma goýberiş guramalarynyň hukuklaryny goramak hakyndaky 1961-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Rim şäherinde kabul edilen halkara Konwensiýa goşulmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.

№ 292-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 292-VI


Kabul edilen senesi:  22.08.2020 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI