Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

 

2010-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Nagoýa şäherinde kabul edilen Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.

315-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 315-VI


Kabul edilen senesi:  24.10.2020 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI