Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap ýurtda mähriban halkymyz indi çärýek asyrdan bäri asuda asmanyň astynda agzybirlikde, dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynda ýaşaýar, zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ykrar edileli bäri geçen döwrüň içinde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy, parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edildi. Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni we ruhy taýdan ösdürmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýy halkymyzda kanuny guwanç hem-de buýsanç duýgularyny döredýär.

Türkmen jemgyýetinde syýasy durnuklylygyň we agzybirligiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň esas goýujy düzgünleriniň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegi, ösdürilmegi, durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk taglymatynyň syýasy-hukuk mazmuny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri, bitaraplygyň saýlanyp alynmagynyň taryhy we milli-medeni kökleri milli Liderimiziň abraýly halkara maslahatlaryndaky köpsanly çykyşlarynda, ylmy işlerinde we eserlerinde beýan edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagynda halkymyz milli Liderimiziň ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen ýadawsyz tagallalaryny hem-de parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlarynyň miwelerini görýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň mizemez syýasy, ykdysady we hukuk esaslaryny bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmek, dünýä döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda ýola goýlan köptaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek işine goşan ägirt uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r:

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 9-njydekabry.

№ 322-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri:


Kabul edilen senesi:  09.12.2020 


Neşir edilen ýeri: 322-VI


Çagyryş: VI