Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dürli halklar we döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de durnukly ösüş syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýän hem-de giň goldawa mynasyp bolýan döredijilikli syýasaty, döwletimiziň ählumumy meseleler boýunça öňe sürýän möhüm başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmek, döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine goşan ägirt uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we «Türkmenistan – Bitaraplygyňmekany» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r:

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 9-njydekabry.

№ 323-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 323-VI


Kabul edilen senesi:  09.12.2020 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI