Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara
Russian

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak hakynda

 Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzda häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylýan orta mekdepler gurlup, ulanmaga berilýär.

Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli wagtlarda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.

Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin uly görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy Babarap obasynda gurlan we häzirki zaman talaplaryna laýyk abzallaşdyrylan mekdep ýurdumyzda gurulýan beýleki mekdepler bilen bir hatarda, diňe bilim işgärlerini däl, eýsem, tutuş halkymyzy guwandyrýar.

Ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza söýgi ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepaly bolup, bilim ulgamynda bitiren hyzmatlaryny, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň, Gökdepe etrabynyň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň haýyşlaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmaly we ony «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň An­nak Sä­het­my­ra­dow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň

Mejlisiniň Başlygy G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 30-njy awgusty.

№ 407-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 407-VI


Kabul edilen senesi:  30.08.2021 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI