Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara
Russian

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň „Türkmen edermen” medaly bilen sylaglamak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli döwrebap şertler döredilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, eziz Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, milli Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryna häzirki zamanyň döwrebap harby tehnikalary, uçarlary we dikuçarlary, beýleki harby tehnikalar yzygiderli gelip gowuşýar. Hormatly Prezidentimiz harby tehnikalara, şol sanda örän çylşyrymly harby uçarlara erk etmekde kämil başarnygyň, ýokary ussatlygyň, gaýduwsyzlygyň we edermenligiň nusgasyny görkezýär. Munuň özi öz ykbalyny ýurt goragyna baglan ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň, harby borja wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň we edermenligiň belent nusgasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden birkemsiz gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri, ündewleri, halkymyzyň arkama-arka gelýän ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmegi raýatlarymyzyň, aýratyn-da ýaşlarymyzyň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmaga, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde we gorap saklamakda, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, eziz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligini, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk göreldesini göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramy, Türkmenistan ‒ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi k a r a r  e d ý ä r :

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň „Türkmen edermen” medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy 

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

№ 409-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 409-VI


Kabul edilen senesi:  24.09.2021 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI