Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi

kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara
Russian

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy „Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy, şan-şöhraty artýar, onuň syýasy derejede halkara orny barha berkeýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, sebitde we bütin dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldaw tapýar.

Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri uzak möhletleýin maksatnama esasynda ösdürilýär, döwrebap harby özgertmeler durmuşa geçirilýär, milli Ýaragly Güýçlerimiziň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylara ýokary söweşjeň ussatlygyň, şahsy taýýarlygyň we watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümi üçin watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, mertligiň we edermenligiň görelde mekdebi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň doganlyk serhetleriniň mizemezligini, konstitusion gurluşynyň ygtybarly goralmagyny, halkymyzyň parahat we asuda ýaşaýşyny üpjün edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä nusgalyk ýokary depginler bilen ösdürmekde, döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusga alarlyk göreldesini, milli Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygynyň üpjün edilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegine, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygynyň we asudalygynyň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we „Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi k a r a r  e d ý ä r:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy „Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy 

G.Mämmedowa

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

№ 410-VI.

Resminamanyň mazmuny

Karar nomeri: 410-VI


Kabul edilen senesi:  24.09.2021 


Neşir edilen ýeri:


Çagyryş: VI